Sylag

"Menem ahyr syladylar",
ýylgyrdy ol içinden.
Ýedi ýaşdan ýetmişe çen
ýekirlipdi ozal kän,
sebäp baran gününden
bäşlikçidi mekdepde,
emma üçlükçiler, ikilikçiler
bäşlikçä garanda kändi, artykdy,
hem ökdedi bir-birin tapmaga,
meger şondan olar ýokaryk çykdy,
hemem çekdi bir-birini ýanyna,
a bäşlikçi mydam ýumruk ýassygy,
gereksiz daş bolup galdy aşakda,
emma höçjetlik etdi,
näçe döşden itseler,
şonça-da aňry gitdi,
ýöne üçlükçiler, ikilikçiler
iki-ýeke bäşlikçiden has kändi,
biri ýeňsesinden itdi,
beýleki aýagna kakdy,
biri berdi depesinden,
a beýleki töhmet atdy,
güldi biri ha-ha-haýlap,
iň ýagşysy depilende,
ne el, ne aýak salgady,
ýöne dymdy gargalanda,
nälet daşyna tutup,
şeýde-şeýde altmyş üç ýyl
üçlükçi hem ikilikçi
bar baýragy aldy utup.

"Menem ahyr syladylar",
ýylgyrdy ol içinden.
Okapdy, alym çykypdy,
göreşipdi haky üçin,
alyp galman sözüni,
sylanmandy hiç beýle,
indi işden çekileýin,
bes edeýin diýende,
geň görmeli, "sylaýarys kararyň,
çözgüdiňe hormat goýýas" diýdiler.
Ol ýylgyrdy, emma ajy:
"Menem ahyr syladylar, söýdiler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024