Gurluşyk
Gurluşyk durmaýar gar ýagdy diýip,
ýa ýagdy diýip ýagyş,
ýel tursa-da dowam edýär iş güni,
çünki adam gar-ýagyşda galmazlyk,
gorag üçin gurýar jaýy,
pena üçin gurýar ol,
ýylynmak üçin sowukda,
iň esasy ony boş ýerden gurýar,
başga birniň ýerinden däl zor bilen,
gara buýruk bilen alnan, talanan,
bu şeýle-de bolmaly,
adam bolsaň başga ýoly
ýürek, beýni almaýar,
sebäbi ynam bar başga birini
agladyp ýa ezip gurlan
jaýlar ýyly bolmaýar.