Umydyny ýitiren
Mellekçä ýer berip, ýerden çykarlan,
diýmelini diýip, kowlan, ýekirlen,
elbetde, kän bolan, boljak zat mydam,
belki, muny ulaltmaly däl beýle,
durmuş - göreş diýipdirler,
diýipdirler ýatan öküz aç galar,
a çüý bolsaň, çykyp duran,
çekiç iner depäňden,
emma bu hiç aňlatmaýar
ýitirmegi umydyň,
sebäp jaýy ýykylan
jaý ediner ýene-de,
ýa talanan köçede
ýene işlär, gazanar,
belki, türmä düşen-de,
ýa ýurdundan gaçyrlan
dolanar bir gün aman,
hem yzynda gidenleriň
sargydyny bitirer,
gol uzadyp ejize,
emma umydyn ýitiren,
ogurladan, taladan
göreşini, durmuşyny ýitirer.