Soralmadyk kömek

Soralmadyk kömegi
berjek bolup dyzama,
düşünmezler barybir,
ýa gülerler,
ýaňsylarlar yzyňdan,
ýa ýüzüňi alarlar,
soralmadyk akyly,
geňeşi-de eçilme,
gapyrjaga sygmajak,
ýat it ýaly dalarlar.

Goý özüne güýçlini,
göwni ýetýän özüne,
ýa-da gowşagy juda,
başgalary görmekden,
eşitmekden çekinýän,
aýa wagtyňy, özüň,
mugtuna bolma ýaman,
hemem eger-eger, hiç,
soramadyk kömegin
berjek bolma adama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019