• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Hökman alynmaly sapak

Pesligine kompensasiýa isleýän,
ýapasy gelýän ejiz ýa-da aýyp ýerini,
megerem özüni köşetjek bolup,
agyrsyna etjek bolup melhemi,
nämeleri diýmez özge birine,
ne erteki otarmaz,
ýa sudda görkezme bermez,
ýalan başdan aýagna,
garalap agy durşuna,
geň galma hiç haçan, geler başyňa,
ne goňşa, ne başga birne,
içiň gyrylsa-da gülme,
neneň etjek Sokraty hem ýazgaryp,
höküm edip bolýar ölme;
pesligine kompensasiýa isleýän
nämeleri edip bilmez,
nämelere gidip bilmez
diýip bilmez başga näme,
emma sözden alnan ýara
unudýançaň agyrdarmyş,
hiç bitmezmiş ýatlap ýörseň,
şuny öwredýär durmuş.

  • 14.01.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Adam seniň obadaşyň 12.02.2019
Adam ýasawy 12.02.2019
Jemgyýet we jellatlar 10.02.2019
Beýik döwür 09.02.2019
At müneniň ahwaly 05.02.2019
El çarpyjy problemasy 31.01.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019