Nähak bolanda jeza
Türkmen türmesinde ýüreginden tutup ölen aklawçym Gurbanmyrat Nyýazowyň ýadygärligine
Nähak bolanda jeza
agyr düşýär diýerdiň,
ogry-jümri, parahor
ýa-da adam öldüren,
watana, ýurduna dönüklik eden,
nebsini jylawlap bilmän,
aýdaly iň gara işe,
neşe söwdasyna giden,
aňsat oturýar türmede,
çünki etdim-dä diýýär,
edilmesiz işleri,
bolmanda içinden boýnuna alýar,
günäsini bilýär ýa-da,
emma nähak jeza berlen,
hiç ynjalyp bilmeýär,
sebäbi nähak diýýär,
diýýär bu däl meniň hakym,
adam güýçli hak ýolundan gidende,
özün iýýär awy bolsa nähakyň.