Kompensasiýa
Türkmençilikde maşgalada ýogalan çaganyň yzyndan bolan çaga, näme üçindir, ölen çaganyň deregine berlen diýip, Öwez adyny dakypdyrlar.
Kompensasiýa möhüm zat,
zerurlykdyr, belki-de,
adam bir zat ýitirse,
ýitgisiniň öwezin
dolmak isleýär hökman,
mümkin bolsa, bolmasa,
mysal üçin ogurlansa papagy,
deregine täze papak berseler,
begenýär ernini bir gulaç edip,
maşyna derek maşyn,
eşege derek eşek,
bagty çüwse, at alýar,
guza derek goýun, goç,
geçi alýar owlagy
ogurlansa, başarsa,
sebäbi kompensasiýa,
walla, diýseň möhüm zat,
ýöne ýykylan jaýa,
çapylan daragta işikde ösen,
çagalygyň geçen ýeri,
ýatlamalar ýumrulsa,
eneňden-ataňdan ýadygär galan,
kompensasiýa bolarmy,
beton jaýdan, gyşda däl,
tomusda-da gagşadýan,
ýa-da şu gün agza gelenin diýip,
ertesi ýüzüňe baksalar gülüp,
kompensasiýa alan bolup gitjekmi,
adam, walla, kimi aldap oýnaýar,
aldamasa öljekmi ýa ýitjekmi?
Kompensasiýa möhüm zat,
ýurduňy, watanyň ýitirseň bir gün,
gaçgak bolup jenaýatçy ordadan,
deregine ýurt berilýär, görsene,
emmaki sen başga ýerde gögeren,
boýuny alan agaç,
ýarajak hiç zadyň ýok,
ýama-sama bolmasaň,
köne agaç kersene...
Kompensasiýa gowy zat,
zerurlykdyr, belki-de.
Ogry, jümri, bir topar,
tutulmadyk entejik,
ýalançylar, kezzaplar
öz-özüni aldaýar,
bilse-de bilmän kemin,
başarsa başganyň hakyny iýýär,
hem özünde ölen-ýiten adama
derek kompensasiýa eçilýär her gün,
ynandyrýar özüni,
bolubilse her kim meň ýaly diýýär.