Gowy bolan bolmak oýny

Gowy bolan bolmak oýny,
başgalaryň hasabyna,
ne hezil,
giň bolmaly, ýylgyrmaly,
asla çytmaly däl gaşyň,
gahar etmeli däl eger
basyp geçseler üstüňden,
ýa-da daşdan daşlasalar,
söz atsalar göjekden
gaty degjek, agyrtjak,
saklanmaly diýmän sözüň,
diliň ujuna gelen,
hem hudaýa tabşyrmaly,
urup çykarsalar gözüň.

Gowy bolan bolmak oýny,
başgalaryň hasabyna,
gör, nähili gyzykly,
geçirimli bolmaly,
deňsize deň,
ýeňsize ýeň
bolmaly däl eger-eger,
heý, muňa däl diýjek barmy?
Ýylgyryp gez, gulagyňa
ýetjek-ýetjek bolsun erniň.

Emma bir gün bu geňeşi
berýän bendä daş atarlar,
ýa-da kinniwanja kesek,
turar ullakan galmagal,
saňa giň bolmaly diýýän,
ýylgyrmaly diýýän süýji,
düşünersiň gögi ýere
pylçap urar ýetse güýji...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024