Surat

Boş geçmedik syýahat

Adam ýadady şäherde,
keýpine gezip, aýlanyp,
görmändi beýle gadymy
hemem uly şäheri,
dükanlary hatar-hatar,
hatar-hatar restoran,
näme iýseň, näme içseň tapylýan,
a jaýlary bir-birinden üýtgeşik,
biri beýlekini gaýtalamaýar,
köçelere daş düşelen,
yhlasyny ile, ýurda
gör diýýän dek öňküleň,
adamlary inkubator jüýjesi
ýaly bir eşigi geýmändir kileň.

Adam ýadady şäherde,
turustlere goşulyp,
her hili dilde gepleýän,
gezdi, haçan gören zady,
saga ýöre, sola ýöre,
ne bolanok diýýän bar,
ne soraýan dokument,
ýa-da diýýän ne adyň?

A turistler aýrybaşga hekaýa,
topar-topar gelipdirler,
dilleri aýry, dogry,
emma galmagal ýok,
gykylygam ýok,
düşünişýär hemme süýji ýylgyryp,
ol ozal bir dilde gürleýän hemem
ala gykylyk edýän,
ýöne näçe gygyrdykça
bir-birine düşünmeýän
adamlary görüpdi,
adam ýadady şäherde,
hem obada gowaça
suw tutýarka dostunyň
gygyryp aýdýan sözleri:
"edeli-le dyzepdi"
zol-zol ýadyna düşdi.

Görse, öňde bir oturgyç,
a üstünde biri otyr,
başynda şlýapa, eli çermelgi,
iň esasy - aýaklary ýalaňaç,
adam diňe şundan soňra düşündi
täze köwşüň gysanyna aýagny,
ol begendi, boş geçmedi syýahat,
dar ýerde galanny aňlady ýagny...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024