Ýazyjylar döwleti
Ýazyjylar döwleti,
başynda baş ýazyjy,
belki, aýda bir kitap,
jykdan çykaran ýaly,
boýun alýan, zor ýazýar;
ýazýar aýakdakylar,
baş ýazyja ýaýaplap,
ýylgyryp ýalan ýüzne
ot bolsa-da içleri,
soň olar kiçiräge,
anyk ýetse güýçleri,
azgyrlarlar, sögerler,
köşeşerler ar alyp,
bolmanda öýdäkiden
çem gelen zady salyp.
Ýazyjylar döwleti,
ýazýar ilki birinji,
soň onuň aýdanyny
ikinjisi ýazmaly,
bellemeli üçünji,
ýygnak bolsa depderli,
yztutarlar ordasy,
ýüpek gurçugy ýaly,
täze ýaprak getirlen,
şagyr-şagyr ýazýarlar,
men pozitiw bolmaly,
gara pikir etmeli däl,
diýmek islämok olar
ýurda gabyr gazýarlar.
Ýazyjylar döwleti,
ýazmak aňyrdan kada,
moda, belki, geçmejek,
könelmejek hiç haçan,
Gazojak deý Garagumda,
Dowzah adyny alan,
bu golaýda öçmejek.
Ýazyjylar döwleti,
başyndaky-da ýazýar,
ýazýar aýagyndaky,
bergisini iň bolman,
her aý dükana eden,
ýazýar söbükbasarlar,
ýa-da aýak astynda
depelenýän ýokardan,
bolmanda ýazan bolýar,
ezijini aldaýar,
çukanak gazan bolýar.
Ýazyjylar döwleti,
başdan aýaga çenli,
hemmejesi depderli,
galamly ýaly eli,
belki, owal pil göterip,
indi agyrtman bili,
ýaşajaklar owadan,
meň özümem bir zaman,
ýazyjy boljak bolup,
çykypdym bir obadan.
Şükür, gadagan etdiler,
ýöne ilki gynanypdym,
indi gülýärin ajy,
emma pozitiw bolmaly,
negatiwlik gowy däl,
sypaýy bolmaly adam,
sypaýy galmaly adam,
ýöne olar aman-esen
galjak bolup ölýärler,
öldürýärler özlerin,
ýazan bolup ýalandan,
başga birniň gabryny
gazan bolup ýalandan.
Ýazyjylar döwleti,
ilki birinji ýazýar,
soňra ýazýar ikinji,
üçünjisi belleýär,
a galanlar okamaly,
baş atmaly ýaýkaman,
eger birinji ölse,
bagty gelen ikinji,
ýa-da ondan yzdaky
birinji bolýar hemem
belli zad-a bal tutan
barmagyny ölleýär,
a soňra ýazan bolup,
ajal gelýänçe yzyndan,
ezen bolup gülleýär.