Adamlar agyr gününde

Adamlar agyr gününde,
ölmelimi-galmalyda,
özleri bilen bolmasa,
bolmasa seniň bilen,
bilmese öz ýeňilligin,
gutulyşyn, elbetde,
kelte pikirlense, kelte düşünse,
ýa düşünmek islemese,
agyr görse aň-üşügiň ýoluny,
tersine şol agyr ýüki
agraltmaga gol ýapsa
düşünip ýa düşünmän,
sen olara düşündirip bilmeseň
düşüneniň, göreniňi,
näçe isleseň-de ýanynda bolmak,
özi bilen bile bolmadyk bendä
ýoldaş bolup bilmersiň,
ýa ýoldaş edinip bilmersiň ony,
adam ýeke-ýalňyz galmagy saýlar
ýeke taşlanda seni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024