Diktatura monolog bor

Diktatura monolog bor,
dialog bolmaz,
çünki bir, ýekeje adamjyk gürlär,
uly adam bolan bolup,
gorkusyny ýapmak üçin,
diktatura gorkak bolar aslynda,
ejiz bolar, kölgesinden çekiner,
şondan onuň özgeleriň
gep-sözünden gorkmasy,
gepletmejek bolmasy,
agzyny dykmasy başarsa başgaň,
howatyr bor diktatoryň enesi,
atasy, belki,
hemem ol gorkaklary
toplar daşyna mydam,
sebäp olar hor bolup,
diktatoryň gorkusyny gowşatjak,
ejizligin ýaşyrjak
ýumşajyk sözleri ýagdyrlar gar deý,
ýat tutulan, dil ujundan aýdylýan,
ýürekden däl hiç haçan,
emma her näçe kän adam gygyrsyn,
tans etsin ýa-da,
diktatura monolog bor,
dialog bolmaz,
çünki onda iki pikir bolmaz hiç,
iki garaýyş bolmaz,
ikilik bor, dönüklik bor adama,
erkin hemem azat ýaşasy gelýän,
diktatura monologda ýaşaýar,
dialogda bolar iň ilki ölýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024