Ilini söýende adam

Ilini söýende adam,
ýurduny söýende ogul,
gaçyp gidip biler emma,
söýmesini goýup bilmez,
diňip biler aglan bir gün,
sylyp biler gözýaşyny,
emma ilim, ýurdum diýip,
öz etini çigligine
iýmesini goýup bilmez.

Ol ýylgyryp biler, emma
gülüp bilmez ýüreginden,
sebäbi unudyp bilmez
yzynda gan aglanlary,
gijelerne dik oturyp,
gündizlerine göz bolup kän,
el-aýagna, dyrnagna çen,
garaşany nirde bolsa,
hiç ýygnanman köçeden,
ýatdan çykarmaz ogul
ölenleri yzynda,
mazarlary solup giden,
hem durşuna göz-göz bolan,
opurylyp sagdan, soldan,
herne diýse diýsin gedem,
haksyz goýup il ogluny,
ýa-da üýşüp göýdükler
goý, ursunlar, agdarsynlar
her dyrmaşan şahasyndan,
guma bulaşyp ýatsyn ol
gaçyp çykan ýolunda,
haýbat atsyn her öňýeten,
basyp geçsin üstünden,
ilini söýende adam,
ýurduny söýende ogul,
ilden geçip, eger-eger
diýip bilmez galaýyn men.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024