Ýalňyş

Pes peseldip ynjaljak bor,
ýa peselden bolar bolman,
beýik görenin özünden,
ýa-da artyk saýsa sähel,
hem bagyşlap bilmese,
pes emeli ulanar,
ýalňyşar şeýdip mydam,
çünki ynjalmaz ölmese.

A beýik käte özünden
pese uly baha berip,
ulaltjak bolar adamy,
orun berip töründen,
ýagşy niýet edip ýalňyşar hemem
sessiz aglar göründe...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019