• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Ölme, adam!

"Reader, I want to say, Don’t die." Ada Limón

Yzy üzülmeýän ajy habarlar,
gara bulut bolup basdy, maýyrdy.
Käte gaýgy diňe ýylgyrmakdan däl,
belki, bizi ýaşaýyşdan aýyrdy,
aýyrdy özümizden,
gör, kim bolup galdyk hemem ýaşadyk,
has anygy ýaşan bolduk, gülmedik,
gülen bolduk, sebäp ýürekde agy,
arman bardy okean deý çyrpynýan,
biz ony basýardyk aşak,
a ol bizi aşak basjak bolýardy,
gaýgy ýaly bosgunlaryň, deşilen,
biz diýýärdik bu diýeniň bolmaz hiç,
biz özümiz ykrar edip iru-giç,
ezileni galdyrarys egninden,
hem özümiz galdyrarys,
galmarys bu gara gaýga bulaşyp,
çünki bilýäs biz ýykylsak,
ýitip gitsek gara gorpuň içinde,
hiç ýadaman, ýorulman
ýolumyza seredenler,
"Geler olar, dolanarlar" -
diýip umyt edenler,
çöker has beter,
şondan men özüme diýýärin ölme,
ölme diýýän ezilen,
çüňke gabalan bendä,
niresinde bolsa bolsun jahanyň,
diýýärin ölmezlik iň uly jogap,
iň uly gaýtawul, iň uly göreş,
diňe halallygy bilen
töhmetiň tankyna garşy,
türmseine garşy zulmuň
ýürek edip çykana,
ölme, adam, suw bol akar,
eger-eger ot bolma,
hatda otda ýakana!

  • 01.01.2016
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019