Gowy adamlar
Adam “ýagşy” diýýär haly soralsa,
ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok,
bu bir oba, ýa millete bagly däl,
belki, tutuş adamzadyň gylygy,
ýa gylygy köp adamyň dünýäde,
saýlap alan, käte ýalan bolsa-da,
adam, aglap duran aňyrsy, belki,
ýylgyrýar ýüzüne halyn soranyň,
ýa-da salamlaşsa ýolda, işinde,
bu adat, däp, dessur, zerurlyk, çünki,
sorasa-da “niçik” diýip ahwalyn,
kime gerek beýlekiniň gaýgysy,
aladasy, araba dek çekýäni,
dag ýolunda, düz ýolunda, at bolup,
ýa, aýdaly, kimiň ýüki ýeňilmiş,
kim göterjek başga başa gelenin,
ýa paýlaşsaň gowy boljak, ýeňlejek
derdin neden paýlaşmaýar adamlar,
gaçyrmajak bolup mazasyn başgaň,
ýa-da ejiz, hor görünmek islemän,
ýa paýlaşyp, ökünýän kän soňundan,
gülki bolup çyksa agysy ile,
paýyn alyp ýürekleriň doňundan,
muny diňe özi bilýär her kimiň,
düşündirmek, ýanjap durmak gerekmi,
adam “gowy” diýýär soralsa haly,
meger, adam azalansoň derekli.