Ýürek meselesi
Sen maňa öz ejir çeken ýerleriň,
kösenen günleriň gürrüňlerin ber,
men aýdaýyn öz başymdan geçenin,
seniň maňa ynanmagyň hökman däl,
meniň saňa ynanmagym hökman däl,
sebäbi biz başga-başga adamlar,
ýöne sylanyşyk bolsa sähelçe,
men seniň sözüňi bölüp durmaryn,
sen bölmersiň meniň sözüm bilimli,
ýa akylly bolan bolup bolşuňdan,
gözlemesek ýok ýerinden bahana,
bile-göre kemçiliksiz adam ýok,
has tebigy ýylgyrmagy öwrensek,
ýa öwrensek gizlemegi özümiz,
geçirimli bolsak düýnkä garanda,
şu arada dünýe, ýalançy, pany,
öz işini eder, günler aýlanar,
biz gideris ýolumyza, durmarys,
her kimiň öz durmuşy bar, işi bar,
agşam düşer, köşeşeris azajyk,
belki, gowy düýş göreris, erbet däl,
özüň bilýäň, durmuş diňe şerbet däl,
ýöne köp zat bize bagly, ile däl,
kän bolsa-da kemçiligi adamyň,
durnalary gidip barýan gykuwlap,
ýa-da gelýän uzak-uzak illerden,
tüpeňli däl, atyp gaçyrmak üçin,
gol bulaşyp, garşylasak begenip,
daýanmagy gerek her bir ýüregiň,
göwnün ýykyp agyrdanyň, degeniň.