Ýazmak derdi
Goşgy ýazmak, ýa-da, aýdylşy ýaly,
ýazan bolmak, akylly dek illerden,
etjek bolup edilmedik gürrüňin,
mal-dünýäniň, adam baryn heläklän,
galmaz eden doguljagy dyzyna,
kürekleriň elden goýman, bir elde
gaýygyň suwuny serpmek yzyna,
ýetjek bolup uzakdaky kenara,
böwsüp içden ýuwdan läheňiň garnyn,
emma muny görüp bilmez ýazmaýan,
diýer gülüp niçik, ýazan bolýarmyň?