Surat

Ýowuz ýükçi

Gowy adam ýa adamlar gelende,
ýurt başyna, bagty çüwüp milletiň,
gowurak bor ýurduň içit, geçidi,
ýol guranlar, köpri guran birleşip,
talamaz kän il-gününi, jogapkär
gowularyň gelmeginde ornuna,
emma nirde süwümsizi saýlaýan,
ses berip ýa sesin bermän hiç kime,
ýa bilmedik bolýan oýnalýan oýny,
ýa-da ýeser, güýçli bolsa oýunçy,
almaň sapagy dek inçeldip boýnun,
ses-sedasyz, ýa gygyryp, tans edip,
geçýän tarapyna şeriň, haýyrdan
öç almak dek ähli arzuw, hyýaly,
ýalana ýar, ýapja bolan adamlar,
öz-özüne salyp hiläni, aly,
basar aşak harasadyn içinde,
özi öz ýüküni ýükleýän egri,
ýüki agýan ýükçi bolar göçünde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024