Beýik peslik
Oppozisiýa beýik bolmaly mydam,
pes bolsa-da, beýik diýmegiň zerur,
diktatora diýýän sözleriň olar,
belki, ozal azman diýip ant içen,
bagyşlamaz çala kakdyrsaň hatda,
ýa özlerin görse goşgy, kyssaňda,
başarsalar goýmajak bor aýatda,
başaramasa haýyn diýer, gygyrar,
oppozisiýa beýik bolmaly mydam,
pidakär bolmaly, bolmaly tämiz,
sen özüňi alda, halkyňy alda,
işleýän dek diktatoryň ýanynda,
diýeninden çykman, aýdany hökman,
görüp duran zadyň görmedik bolup,
bilip duran zadyň bilmedik bolup,
bassyr-ýussur, başga gürrüň et bolman,
oppozisiýa mydam bolmaly kämil,
gyrjak diýsin, asjak diýsin milleti,
gara güni bilen sermenip ýören,
çagasyny eklemeli her edip,
hesip edip, çukury bu partiýaň,
hökümetiň, garakçydan düzülen,
türme hassahana dönende irden,
ne öýläni, ne agşamy, gije bar,
getirýärler tutulany sürüläp,
emeldara günde bişen jüýje bar,
bahana tapmaly, ütmeli ili,
günäli, bigünä, soradyp aman,
soramasa, hökümetiň güýji bar,
diýmek, opposiziýa beýik bolmaly,
ýykar ýaly ezijini bigüman...
Oppozisiýa mydam kemsiz bolmaly,
kemçiligiň bolsa aýdar, gygyrar,
ezilene umyt berer, adalat
dikeldiler, hökman aýakda durar,
ýöne oňa diýme gaty-gaýrymy,
ýalanyna ýalan diýme hiç haçan,
eli gelse, türme bolar görjegiň,
a gelmese, töhmet atar, çagyrar
ýeňsesinden itileni, gaharly,
diýmek, diktatura dowam etmeli,
garyp entäp, kowalar ýör naharny,
a aralyk, busaklaryň sürüsi,
aşaklykdan meçew berer, gižželär,
olar, meger, beýikleriň beýigi,
goşulmadyk bolar, bilmedik bolar,
arkasynda bardyr, belki, susakly,
ýa-da ozal susak ýeten owadan,
soň ýerine döwük çemçe berilen,
diýmek, susmaz, ýüz görmezi itmeli,
oppozisiýa mydam beýik bolmaly,
şübhelenseň, gümüňi çek, gitmeli.