Giç gelen akyl
Ýaşlyk, eliň hapalaýaň her zada,
kyssa diýip, goşgy diýip okaýaň,
ýazan, belki, uly, sowatly adam,
eser tapman, heser tapman içinden,
oturýarsyň, pikiriňi ýazýarsyň,
hezil edip çap edýärler gazetler,
gerek çünki, diýmeýärler gazýarsyň
öz öňüňden uly çukur, geçmek kyn,
ýaşlyk, adam düşünmeýär, bilmeýär,
elin urýar, hapalaýar her zada,
soň düşünýär, hil bir zat dek apalap,
satyn alyp, bilmän jildin sypalap,
gül ýa gunça saýyp guran tikeni,
getirip stolda goýýan ekeni...
Soň görýärsiň, göjek edip bir-birin,
beýlekiden saljak bolýan şahyrlar,
ýazyjylar, çöpe, çalama urup,
öz-özüne gurýan eken gapany,
ne kitaby bolar, ne-de goşgusy,
adam bolsa öz-özüniň sapany.