Akylsyz howpy

Sen adamyň akylyny kemsitme,
bilip-bilmän, aýdan bolup bilýäniň,
ýat tutan-da bolsaň Sokratyň sözün,
garalawça däl-de, yzdan gelýäne,
belki, adamzada ýüzlenip aýdan,
many çykar ykbalyndan dananyň,
akylsyzlar akyllydan ar alar,
köplük olar, mydam köplük bolarlar,
diýenleri geçer islendik ýerde,
çekil yza görseň akylsyz süri,
diýme, meger, haýyr bardyr her şerde,
gaçarak dur ata-baba nakyldan,
jaýdar bolsun, bolsun käte ýerlikli,
sebäbi bilmersiň kime degjegin,
nämä gerek salgy bermek agzyna,
özün tanap, başgalara sögjegiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2023