Uruş we şahyr

Uruş bilen hiç mesele çözülmez,
bu aýdylan, bilinýän zat bilýäne,
ýöne başga alajyň ýok gelseler,
ýok bahana tapyp, edilmez näme?

Ýarag berip, iberseler üstüne
goňşularyň ýa-da goňşyň goňşusyn
at diýseler, ýumur diýseler öýün,
mejbury ýa höwes bilen gidýäne,
ýaragsyza duşsa batyr, edermen,
talaňçy nökere diýersiň näme?

Ýurt eýesi, imperiýaň sütüni,
olar düýnem akyllydy, ösendi,
yzagalak bilmez beýigiň dilin,
emma bu gün urşa gidýär, alaçsyz,
soramaga gorkup, sebäbin bilip.

Bilýär olar kimler otyr ýokarda,
aýby uly, ýapylmaly ýeňsesi,
uruş bilen, dawa bilen ullakan,
emma gidip, çiljek goňşyň eňsisin.

Dogry, bilýänleriň bildirmek çetin,
ogra ogry diýmek hatarly örän,
ertekide, kinolarda bolmasa,
döwlet oýnun oýnaýarka garakçy,
bir asyr däl, iki asyr, üç asyr,
ýurda gerek, size gerek bu diýse,
“hä” diýmeli özüň aňyňdan asyp.

Olar muňa taýýarlykly geldiler,
wasp etdirip şahyrlara boşlugy,
gelejegi alyp gaçýan öňünden,
ýuwmarladyp, owadanlap kaşlygy.

Karamlygy, ulus-ili çökerýän,
baglap ilki öz-özüňi kökene,
soňra yzdan gelýänleri kökerýän,
ýalan şahyr ýalan baýdak ediner.

Onsoň uruş goşgy bolar owadan,
okan aglap okamaly, solmaly,
owadan kapyýa tapmaly ilki,
rifma, sazlaşyk gowy bolmaly,
iň esasy sowulmaly sebäpden,
ýa ýalany, bahanany bilmezden,
çyn ýerine goýup, satmaly ökde.

Ýogsa şahyr bolan düşüner dünýä,
kim oýnaýar, kim utulýar, kim utýar,
ýöne aýdyp bilmez, urşa bukulýan
diri wagty, hatda ölenden soňam,
mydam taýýar, örän taýýar bolmaly,
kündüge suw alyp, çapmaly bolýan.

Olar urşy wasp etdiler aýdymda,
olar urşy wasp etdiler kinoda,
kitap bary çykdy, çekildi surat,
oýun, sahna, duşuşyklar, weteran,
döşi orden, medal bilen bezelen,
emma hakykaty ýaşyrmak kada,
adat boldy, belki, din boldy uly,
adam boldy adam bolman öňürti,
çagalar bagynda ýalanyň guly.

Kim hem näme, sebäbi bar gowganyň,
gazylmadyk gabra itýän adamy,
o biriniň ogul-gyzyn, kakasyn,
ulus-ili yza çekýän ýüz ýyllap,
uruş diýme, erbet diýme diýýär ol,
diýýär akla nähak döken ganymy,
bu ozalam şeýle boldy, galpyldap,
şahyr ýazdy esger bolup özüçe,
bilip, belki, ýa-da bilip bilmejek,
zatlaryny, girip karam söweşe,
başga biri gitjek hemem gelmejek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024