Durmuş we bagt

Oňa mydam çylşyrymly diýýärler,
garaşmagyň manysy ýok göz dikip,
gowy bolar ertir diýip ýaşaýyş,
ýeňilleşer işler, adamlar bilen
düşünişmek aňsat bolar öňküden,
bir sözde däl, ýarym sözde, baş atyp,
ýylgyrarlar dostlar, duşmanlar hatda,
kime nämä gerek gykylyk, gowga,
öýke-kine, gyşyk gürrüň, iňirdi,
hondan bärsi bolan bolmak, gomalmak,
ýaryşmak, garyşmak, gatyşmak başgaň
durmuşyna burnuň sokup, hüňürdäp,
bolgusyz zatlata gidermek wagtyn,
ýok bu bolmaz, iň gowusy şu mahal,
aladaly işe gidip, gelýärkäň,
sowulýarkaň ýolugruna dükana,
gymmatlaýar durmuş diýip käýinmän,
gaýgy etmän ertirleri artykmaç,
başyň dikkä öwren görmegi bagtyň,
begenmegi öwren şu günki günde,
çünki ömür geçip barýar diýýärler,
garaşyp irikkä, bolma sürgün dek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024