Milli hakykat

Bu millete galsa, alla,
galsa onuň agasyna,
basyp alan, dini başga,
KGB-niň zyndanyndan
çykarjak däl, çüýretjekdi,
şindem arman çekýär käsi,
bir ýerlerde busup, bukup,
lakam bilen, ýatda durmaz,
hat iberýär, hanjar sokup,
öz ýanyndan, arkamdan kän,
bu millete galsam, alla,
bolmalydym ýapyk dükan.

Şükür, başga milletler bar,
şükür, dini başga düýpden,
dili başga, golaýlyk ýok,
emma düşünýärler söze,
ýa gözüňe seredende,
ýa ýüzüňe seredende,
bilýär olar ýüregiň ak,
şükür, bir däl millet ýerde,
şükür, hemme gülmez aldap,
aglap galsa eneň-ataň,
tanamadyk bolsam, walla,
bolardy bu meniň hatam.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024