Küýki meselesi

Küýkini küýki düzetmez,
ata münen ýa münmedik,
ýa-da atdan agdarylan,
üzeňňiden tutup ylgan,
ýa süýrenen gum-kirşende,
düzetmez küýkini küýki,
ýüz-müň bolup jemlense-de,
ýok etse-de ýüz milýony,
galmaz ýaly hiç bir küýki,
düzetmez küýkini türme,
ýa-da sürgün, ýat illerde
sergezdanlyk uzak ýyllar,
aýdyşy dek köneleriň
gabyr hem düzetmez ony,
çünki küýki giden güni,
küýki goýar yzynda kän,
olar onuň kesbin goýman,
galan ýa taşlanan ýerde,
alyp götererler beter,
begenme hiç giden küýkä,
özüň küýki bolma, ýeter!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024