Otuz ýyllyk tejribe

Ýurdy ýykmak üçin ilki
mekdepleri ýumurmaly,
jaýlarynyn däl, elbetde,
mazmunyny okuwyň,
hemem dowam etdirmeli bu işi,
aşakdan ýokaryk, ýokardan aşak,
professor, dosent, dekan, rektor -
barysy biruçdan satlyk bolmaly,
hemem hemme haram-halal pullanan
islän diplomyny satyn almaly,
kowmaly işinden KGB gelip,
oňat okan oglanlaryň kakasyn,
ejesini, bajysyny sylaman,
gaçýar muny başarandan
oppozisýa-pylan tutup ýakasyn,
a soňundan galdyrmaly belende
iň ýeňili özün ýok etjek durman,
ili ýykjak ilki mekdebin ýykýar,
bolmaz ýaly soňra çekjegi arman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024