Ýagyşdan ýadap, damja gözleýänler

Olaryň öz hasraty az, gamy az,
ogrusy az ýokarlarda,
jenaýatçy boýdan-başa,
kanunlaşan otuz ýyllap,
türmeleri az olaryň,
az açlygy daşynda,
köçeleri döwük-ýenjik,
köprüleri ýykyk, ýumruk,
mekdepleri, gömükligiň gözbaşy,
ýa dermansyz hassahana,
lukmanlary aç, talaňçy,
az olara, eý, alla,
TW-sine bakyp ertir hem agşam,
dilegleri namazdan soň:
"Bize-de bir Putin salla!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019