Adamyň jezasy

Adama jeza bermez,
günäkär ýa bigünä,
kazy-kelan diýilýänler,
para alýan azajyk,
ýa almaga çekinýänler,
prokuror, garalawçy
garalamaz adamy,
ýyl soramaz oňa dyzap,
günäkär ýa bigünä,
jemagat ýa jemgyýet,
mähelle jeza berer,
köplük, passiw-agressiw,
ýyl keser adama uzak,
kazy-kelan diňe sandyr,
garalawçy, aklawçylar,
hemem türme gözegiçi,
biri gitse, başga geler,
aljak hem gemirjek handyr,
janawerdir ady başga,
adama jeza bermez,
ýalňyşsyn ýa ýalňyşmasyn,
jemgyýet jeza berer,
bir-birini iýýän diňe,
seretseň eger siňe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019