Ogry saly

Ogry gorkýar, kim bolsun,
çyksyn deňine Günüň,
näçe bolsun ýaragy,
näçe bolsun goragy,
içiniň ýa daşynyň,
nökerleri ganojak,
ynjalanok bir gije,
ynjalanok bir gündiz,
ýagdaýyna düşüniň.

Ne oturyp bilýär ol,
ne gyşaryp bilýär ol,
ne gürleýär, ne dymýar,
ýylgyranna seretmäň,
içinden agy dömýär,
gülesi gelýär ýogsa,
ogurlany az-küş däl,
emma çala irkilse,
eli pilli ministrler,
üýşüp altyn guma gömýär.

Wägirip turýar pahyr,
demi-demine ýetmän,
çünki ne altyn tabyt,
ne-de göwherden gabyr
awusyn kemýär gitmäň.

Endik gursun, gorkusyndan
ogurlaýar ýene-de,
täzelik däl bu asla,
hiç bir asyr, senede,
belki, baky ykbaly
ogry bilen kezzabyň,
gorkýar olar, kim bolsun,
haýsy ýerde otursyn,
beýik bolsun diwarlar,
açarlary satlyklarda,
satjak haçan, geçse nirde,
a belki-de satmazlar,
köşeşdirip özlerin,
öwdürip edenli, dana,
hemem içden garaşýarlar,
gara güne sagat sanap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019