Surat

Kiçileriň uly problemasy

"Olar biri-birinden uly boljak bolup ýitdiler." Ildeşiň gürrüňinden

Uly bolmak derdi kiçi adamyň,
ýa kiçi milletiň, sany azalan,
asyrlarda köpelmegiň ýerine,
kiçisiniň känliginden, belki-de,
ejizligi üçin ýa-da,
uly bela-beterlerden hatarly,
ol öz dosty-ýary ýa-da dogany,
garyndaşy, kärdeşi ýa halypa,
ýa şägirdi bilen, parhy ýok asla,
ýaryş gurar öz ýanyndan,
uly boljak bolar, görünjek bolar,
kiçem bolsa, uly bolup bolmanda,
wah, aýby ýok ulalsa,
uly bolsa hakykatda,
ýa elinden bir iş gelse,
emma adam uly bolman,
başgany kiçeldip, basgylap ýa-da,
öli, diri, ululara ýapyşyp,
hemem inkär edip başgany mydam,
uly boljak bolsa ýaman,
aman, dat eliňden, kiçijik, aman!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024