Bir mysal
Suwa seret, böwetleri
ýa aşyp, ýa syzyp içden,
aşandyr hem geçendir,
suw bolarmy bolmasa?
Adam bolsaň, garşylykdan,
geçe-geçe gitmeli,
sebäp durmuş başlanýar
iň ilkinji kesegiňden büdürän
hem ýykylan ýeriňden,
gora diýip ýalbarma
Alla dünýäň şerinden,
dile akyl düşünmäge,
hem görmäge durmuşy,
ol kesekdir ýoldaky,
ýa daş zyňylan daşdan,
bu zatlary soň bilenden
aňlanyň gowy başdan.