Surat

Kalbyňdaky at

Atam Annagurban Seýitmyradyň Tejende aýlawlary baglan atyny alyp, özüni 10 ýyl Orsýete tokaý çapmaga iberipdirler. Ol bäş ýyldan sag-aman gaýdyp gelipdir.

Atyňy eliňden alyp,
jylawyny özüňe
salyp bilerler seniň,
daňyp bilerler eliň,
aýagyňy duşaklap,
atyp bilerler dula,
emmaki kalbyňdaky,
ýürekdäki atyňy,
bedewiňi saklasaň,
iýmin, suwun kem etmän,
jylawyndan dartyp, dogry,
ýöne ýüzükessir gamçymy-dürre,
urman agyr sözler bilen,
bolmarsyň ölen,
gutaran diri,
geçmersiň dulda uwlap,
saklanarsyň ata bolup ogluňa,
hemem aýalyň äri!

Atyňy eliňden alyp,
jylawyny özüňe
salyp bilerler seniň,
esasy zat kalbyňdaky bedewi,
ahal-tekäni aldyrma,
berme bolman meýletin,
hem pyýada atly bolup gaýşarma,
özüňi aldama bolman,
bolmajak bol galňy ýetmez,
gaýdyp gelmez gaýtarma!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024