Surat

Duşmanly bol ýa duşmansyz

Sen duşmanyň uran wagty
arkaňdan ýa öňüňden,
gapyl basyp, bildirmän hiç,
ýa aňdyryp öňünden,
amatyny peýläp, garaşyp uzak,
bir gezekde aljak bolup uranda,
ýa ýaralap goýberip,
garaşanda lezzet bilen,
gan ýitirip, teşnelikden
agzyň kepäp, dilden galyp,
gözüň bilen suw diläp,
bir däl, iki ölerňe,
agyrydan ozal ýürege, beýnä
nalaçlyk naýzasyn salanda çenäp,
ölmegi däl, ýaşamagy pikir et,
şükür et bolanna duşmanyň hemem
kimdigini bildirenne,
kimdigiňi bildirenne,
görýäň-ä dünýede niçe müň, milýon
adam bar, ýene-de bolar, dogular,
hemem hiç duşmana mynasyp bolman,
ýa-da hiç saýlanman köplükden çete,
nire güri bolsa, şol ýere urup,
pikir eden bolup, ýeňsesin gaşap,
öz-özüne duşman bolup dogrusy,
bigäne bor baky duşmansyz ýaşap;
sen duşmanyň uran wagty,
ýarylanda maňlaýyň ýa,
ýa arkaňdan demir salyp,
gowy görýän penjegiňi,
ýa plažyň ýyrtsalar,
ýa agyrsa ýaraň uzak,
hiç ýatyrman gijeler,
gynanma hiç ölmän galsaň,
minnetdar bol tersine,
çünki duşman ilki kiçi,
soň ulalyp kem-kemden,
ulaldandyr seni-de,
getirendir, belki, gelen ýeriňe,
galdyrandyr beýik bolsaň, ýokaryk,
ýa ortahal bolsaň, beýgeler öýdüp,
alada galandyr, gorkandyr senden,
sen duşmanyň uran wagty gynanma,
ölmän galsaň, elbetde,
hemem düşün - ölmeýän ýok,
bu bir kada dogrusy,
duşmanly bol ýa duşmansyz,
geler janyň ogrusy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024