Tutulmadyk ogry
Başarmajak işiňi
edip oturan kişä,
başyny etegne salyp,
oda goýup ezizlerin,
bir ýyl ýa-da iki däl,
otuz ýyl bäri, belki,
bir sözlem düzüp bilmän,
diýdirmän elki-selki,
pitjiň atmak edermenlik,
halallykmy, mertlikmi,
ýa-da übtük dogrudan?
Meniň üçin bukulyp,
hem adyn, hem ýüzün gizlän,
hemem dodak çöwürýän
hiç parh etmez ogrudan.