Minnet

Bizi ýoluň gyrasyna çykaryp,
bagyň ýa gyzganyň arkasynda däl,
edil ortasynda urdular üýşüp,
ýa süýräp däl oba, şäher çetine,
göz edip ortada depdiler döşe,
ýetginjekler sürüsi deý,
gije duşan serhoşa,
emmaki il görmedi,
bilmedik boldy, çünki,
gorkusy bar özünden,
işinden ýumşajyk ýerli,
ýa-da ogul-gyzyndan,
pikir etdi gurban berse "bozgagy",
bela-beter sowlup geçer,
birazajyk azyndan;
bizi ýoluň gyrasyna çykaryp,
Garaguma eltip däl,
ak şäheriň ortasynda,
metbugatda döwdüler,
dýidiler adama diýmesiz sözi,
hem azgyny goşmaça,
has apalap öwdüler,
bilmedik boldy millet,
hamala bilmese aman
hemem esen galjak ýaly,
a soň gitdiň diýip etdiler minnet.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024