Hemişe bolýan zat
Hemişe birleri çykmaly öňe,
göreşmeli döş gerip,
hak, hakykat üçin, milletiň, iliň
yzdan öňe çykjagyna ýol arçap,
gylyç, naýza, gülle bilen garpyşyp,
iň ýamany, töhmet odunda çürşüp,
hemişe birleri durmaly merdan,
taryh şeýle, eger-eger hiç haçan
öz-özünden, aňsat syrylmaz perde,
demir ýa-da ýüpek bolsun, parhy ýok,
hemişe birleri ýigrenji bolup,
aýdylmaýan, emma belli her kime
hakykaty açmaly,
bagyrmaly gara bagryn gan edip,
sebäbi hiç haçan özi özünden
al-asmandan münber inmez,
getirmese biri gidip,
ýa-da ýasap goýmasa,
açylmaz ala meýdanlar,
ýa jylawy gaňtarylgy
at berilmez aýagyňa,
eýer salnan altyndan,
hemişe birleri çykmaly orta,
hakykat islense çyndan,
belki, uruşdan soň batyr köpeler,
hatda o biriniň, ýarasy agyr,
göreşini gömjek bolan tapylar,
hem tapylar arkasyndan urjaklar,
öldürjekler hatda rehim etmän,
emma hergiz, isle ýa-da isleme,
hemişe birleri çykmaly öňe
hem etmeli gara işi,
ellikli ýa elliksiz,
belki, maýyp bolup öň hatarlarda,
soň oňa salyp aly,
medal aljak mesele däl,
köp bolar olar ýaly.