Pikirjik

Gurt agzasaň – gurt gelermiş,
bolýar, gurdy agzamaly, gelmesin,
çapmasyn malymyz sagdan ýa soldan,
gapyllykda basmasyn,
dökmesin çemçeläp ýygnanlarmyzy
çanak bilen serpip daşa,
gurda derek gowulygy agzaly,
asuda, parahat durmuşy, bagty,
owadan illeriň owadan gülli,
owadan ýaýlada, ýazlaga çykyp,
erkin, azat ýaşaýşyny gaş çytman,
garaňkyny agzamaly,
diýeli öňümiz ýagty,
çagalar ýetişer, agtyklar doglar,
okar hemem ulalar,
a biz bakyýete gideris gaýgy,
ýa alada etmän yzymyz birjik,
käşgä gurt agzaman, getirmän bolsa,
bu bir arzuw ýa-da ýöne pikirjik.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019