Şol bir hapa
Şol bir hapa bolsa, ysy
baş aýlaýan bir menzilden,
ýa-da başga ýurtda-da,
serhetden aşyp porsusy,
näme parhy bar gülüň,
kim, nirde ekende näme,
çykanda nä haýsy kökden?
Ýa-da adam, ýüregi ýok,
näme eşik geýende nä,
diýende nä nähili söz,
haýsy dilde, ýa ýylmanak,
ynanma soňra yzyndan
islemeseň gargamak,
dil bir öl ýere biten,
köplenç pyçak bilen däl,
pamyk bilen çalnar damak...