Pilden uly pul bar
"Düýeden uly pil bar", nakyl
Ozallar şeýledi, düýeden uly
pil bar diýerdiler Moskwa ümläp,
edenli partiýa, özi azdyryp,
soň ýanbaşdan ýere urýardy pyrlap,
indi başga zamana,
piliň gulagynda uklan bolmasaň,
pilden uly pul bardygyn
bildirýärler her ädimde,
görkezýärler pil sürüsin
şaýy bilen zynjyrlap...