Azapdan dynmak
Nazar aganyň mazarynyň başyndaky oýlanma
Her kim bu dünýeden gitmeli bir gün,
türkmen aýtmyşlaýyn, dynyp azapdan,
biz azapsyz ýaşaýyşy, megerem,
kabul edip bilmedik,
bilmedik bir pursat aýagmyz ýazyp,
bagyň aşagynda ýa-da kenarda,
owsun atan tolkunlara guwanyp,
hamala iş üçin gelen ýalydyk,
ýaşamak üçin däl bir pursat gözel,
emmaki iş azalmady, gitmedi,
gaýta basdy depämizden, eginden,
her kim bu dünýeden gitmeli bir gün,
emma entek garaşmandym men senden,
bir şäherde ýaşasam-da,
telefonda gürleşip,
bilmedim, aňmadym geçip barýanyň,
gaçan ýaly hakykatdan uzaga,
umman aňyrsynda aldym habaryň,
ajy habar ýalan bolmaýar, durmuş
öwredipdi niçik salýar duzaga...
Her kim bu dünýden gitmeli bir gün,
hemem dogry, alyp gitjek zady ýok.
Emma adam yzynda
adyn goýmak isleýär,
ýagşylygyn goýmak isleýär ýene,
çagalarna ýadygärlik -
ýurt goýmak isleýär dana,
döwrany hiç sowulmajak,
döwleti döwlete meňzeş,
ezmeýän öz ilini,
türmä öwrüp watany,
hemem bilýär perişde,
ýa birkemsiz gözel bolup bilmeýär,
ýöne bize kemimiz däl, megerem,
artyklygmyz üçin etdiler hüjüm,
atdylar her töhmeti,
sen olary taşlap gitdiň atana,
indem diýýän ýaly aşakdan gülüp:
"Ýylanlaram degmezmişin ýatana!"