Men ozallar...
Ör turdy mähelle talant öňünde,
el çarpyldy gürrüldili, ýürekden.
Aglady gyz tolgunjyndan,
meger garaşmandyr beýle sylaga,
dogry, ýaşdy hemem talanty üçin
ar aljagyn talantsyzlaň özünden
bilmeýärdi bu çaga...
Walla, hudaý talant berenden soňra,
adam neden ykrarnama garaşýar
mähelleden, nämedigi näbelli,
içinde ýeterlik, belki,
düşünmeýän söze, saza,
emma düşünen bolýan,
il ýüzüne ýylgyrýan,
urýan aýalaryn biri-birine,
gygyrýan bilýänden bolup,
sylyp maňlaý derini?
Il-güne ýaramak, gowy zat, dogry,
onda-da talantyň bilen.
Emma gijelerne, ýeke galanda,
için tutup aglaýan,
talantsyzlar talantla
bela bolýarlar gelen.
Hudaý birin talant berip,
ýüke werziş eşek edýär, gijeler
ýatuw näme, bilmän işleýär bende;
A beýleki birin, talant eçilmän,
bahyllyk odunda ýakýar her günde.
Bu şeýle, gör, indi nijeme asyr,
sazmy, sözmi, ýa-da başga bir senet,
milýonlardan biri saýlanýar öňe,
ör turýar mähelle talant öňünde,
el çarpylýar bagty çüwse talantyň,
meger, bu pursaty başdan geçirmän,
düşünmek kyn aglaýana, gülýäne,
men ozal ýanardym talantly üçin,
indi ýanýan bahyllykdan ölýäne.