Surat

Galyp meselesi

Eger alla öz çygryma sygmajak,
öz çyzan çyzygma girmejek bendä,
inedördül, tegelek ýa üçburç,
özpikirli, özgörüşli, özerkli,
hala mamla bolsan, hala bimamla,
(hakly her kes ýalňyşmaga!),
agzyma gelenni diýsem, gargasam,
elime ilenni salsam yzyndan,
ýa tor gursam gara güýje daýanyp,
kim-kimlere el uzadyp, birleşip,
sesini sem etmek üçin,
ýa az görsem dymanyny,
çüýretmek islesem ýerde,
gapjyk deý agzyny açyp,
soňra ýapyp bakyýa,
kgbden - töhmetçi,
hökümetden - nadara,
näme parhym bar meniň,
hapa çukurna gaçan,
ýüzi, ýüregi gara?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019