Bir diýjegim
Ara diwar düşen okyjy bilen gaýybana söhbet
Sen meni okaman oňsaň,
bagtly bolsaň belki bilmän,
aman bolsa içiň, daşyň,
goňşy-golam, oba-il,
men ýazmanam bagtly bolup bilerdim,
ýatyp bilerdim ýanmanam,
ýa dolanman yzyma,
KGB-äň tüpeňne döşümi gerip,
ýaralanman düýşümde,
oýanyp ýalaman ýaramyň ganyn,
ýa sen meni inkär edip, ýazgaryp,
agyr gelen güzeranyň
ýeňledip bilsediň biraz,
men ýazyp bermezdim azar,
emma ynan, näçe daş dursaň menden,
ýananyma ýanmasaň,
dabanyňy deşdirmeseň
meň deşdiren tikenime,
tersine ders dökseň gatnap,
kim-kimleriň ekinine,
hemem ýykylmasaň meni
taýdyran daşlara basyp,
tersine mes bolsaň her ýyl,
döşden ýalan medal asyp,
hem diýmeseň bardyr hasap,
her gün ýalan galyp ýasap,
aşagyndan galyp bilmän,
diňe özüň maýrylmarsyň, ölmersiň,
ýa hiç diýsek gutulmanyň özüňden,
çagaňa-da ýol görkezip bilmersiň,
tersine ters ýola salarsyň mäkäm,
bir diýjegim oka häzir ýazýakam?!.