Kişi göwni
Wezipäň bolsa, garaz,
iş bitirýän telefonly,
sözi geçýän adam bolsaň,
ýagşyda ýa ýamanda,
at tezegin gurutmazlar gapyňda,
gaty-gaýrym söz diý,
ýa gödek dara,
geçirerler gülen bolup,
ýakyn ýa ýat, parhy ýok,
emmaki ýykylan bolsaň,
ýa düşen bolsaň kürsüden,
hapa çümmejek bolup,
ozal doganyň ynanmaz,
soň ýanynda keseki,
hemem näçe sypaýy bol, gowy bol,
öýkeläre ýa-da gaty görere
zat taparlar, geň galmaly,
bolmanda diýerler ýigrimi ýyl öň,
tam toýuma gelip, bagşy diňlemän,
galmagaldan gaçýan gojalaň ýanna,
iki köçe aňryk gidip oturdyň,
ýa göwnüň ýetmedi biziň sazanda,
ýa aýdymy halaňok...
Garaz, kürsiň bolmasa,
kişi göwnün alaňok.