“Göter zamananyň hakykatyny!”
Şahyr Halyl Kulyýewiň portretine synanyşyk
Halyl Kulyýew ýumşakdan mylaýym, hoşgylaw adamdy. Ol maňa hem men ýaly müňlerçe studente uniwersitetde edebiýat teoriýasyndan sapak beripdi. Ýöne ol ýogalanda-da ullakan sapak berdi. “Meni Gurbannazaryň ýanynda jaýlaň” diýip wesýet etdi. Megerem bu onuň türkmen intelligensiýasynyň içinde çuň kök uran ownuklyga, “pylan ýerli, pylan taýpaly” diýen ýaly, bet pygylla petir, şermendä şerap bolýan pesliklere iň soňky jogabydy, hak şahyrlaryň, halal adamlaryň hiç wagt ili hem, adamlary hem bölmeýändigi baradaky beýik hakykaty nygtadygydy. Megerem bu onuň bir wagt mazarlary gatyşan türkmeniň, ýomut ýa teke diýmän, ärsary ýa salyr-saryk diýmän, bir bitewi milletdigini, şol bitewilik bilen hem diridigini aýtdygydy. Soň Halyl Kulyewiň ýeke ogly pyçaklanyp öldürildi. Ony hem kakasydyr Gurbannazar Ezizowyň ýanyna eltdiler. Ýöne haýp, öz kiçijik nepi üçin tiresiniň adyndan gürleýän, tiresi kemsidilýänden bolýan nadara bu hakykata düşünjek däldi…
Halyl Kuly gowy şahyrdy. Onuň mähek ýaly owadan goşgularyndan gowy, adamalara mähirden, söýgüden doly ýüregi görner durardy. Halyl şahyryň şygyrýetdäki agramyny, talant derejesini kesgitlän goşgulary barada türkmen edebiýatynyň bu günkiden has janly döwründe gyzykly gürrüňler edilipdi. Şol döwür Halyl şahyryň tebigylyk, mähir hem mylaýym ýumor bilen dem alýan şygyrlary barada synlar, makalalar çap edilerdi. Ýöne indi başga döwür geldi, goşgy-gazal yza zyňyldy. Edebi jedeller, çekişmeler, pikir alyşmalar bolsa ýatyp galdy. Indi seredip otursaň, Gurbannazar Ezizowyň “suwsuz degirmendir jedelsiz şahyr” diýen pikirini tassyklap, türkmen şahyrlary bugdaý ýa bolmanda arpa, mekgejöwen üwemekden bireýýäm galan, suwy sowlan haraza çalym edýärler. Halyl şahyr, göýä, şeýle döwrüň hem geljegini bilen ýaly, poeziýada-da ullakan sapak berip gidipdi. Onuň goşgulary, meniň göwnüme bolmasa, sadalykdan, akgöwünlilikden, uly söýgüden, tükeniksiz mähirden, Gün nury ýaly aýdyň paýhaslylykdan ders bermek üçin goýlan ýaly. Ol hiç kime öýkünjek bolmandy, edebiýatda hokga çykarjak bolup, köpbilmişsiräp, göze-başa düşmändi. Bolsa-bolmasa baýrak, at aljak, galyňdan-galyň kitap çykartjak, özüni öwdürjek bolup hem dyzamandy. Az ýazypdy, uz ýazypdy.
“Edepli oglan”, “Goja aladasy”, “Hat”, “1946”, “Keýmir körüň ýigitleriniň biri Warryk batyryň çowlugy Warrygyň hekaýaty”, “Zähmet mugallymy” ýaly onlarça goşguda Halyl Kulynyň diňe özüne mahsus sadalygy, türkmençilligi, oba päkizeligi mesaňa görnüp dur.
“Säher çagy sygryň säher deý süýdi,
Her gün oglanjyga bererdi medet.
Enesi diýerdi: “Şeýdip ir bilen,
Süýtjagazdan ganmak ullakan edep.”
Edepli oglanjyk beýgelip bir gez,
Joňkuldap ugrardy işine sary.
Işläp bilmese-de ulular kimin,
Ýadardy ol edil ulular ýaly.”
Uruş ýyllarynyň kemgöwün oglanjygy baradaky bu ajaýyp goşgy bütin bir döwrüň janly kartinasyny çekýär. Goşgudaky kakasyna garaşýan oglanjyk şum habarly üçburç hat gelmese oňýar. Şol hat gelmese bolýar, ol ýadanyny, aranyny biljek däl. Bütin bir döwür, tutuş bir nesil hakyndaky hakykaty şeýle gysga hem şeýle dogry aýdyp bilmek üçin şahyr bolmalydy.
“Ine, şeýle geçdi biziň ýaşlygmyz,
Sapak kynam bolsa, öwrendik dürs.
Ýalynly ýyllarda oda öwrülen,
Gaty edeplije oglanlardyrys.”
Kakalaryny urşa ugradyp, garry eneleridir atalarynyň mähirden hem mertlikden doly mekdebini geçen nesliň uýan hakykaty asyrlardan gelýän adatdy, däpdi, dessurdy. Ol adat boýunça ejizlemek bolanok, aglamak bolanok, ýeňilmek bolanok. Çünki dessur şeýle, däp şeýle. Atalaryň, eneleriň wagyz-nesihaty şeýle ýönekeýdi, düşnüklidi. “Ulyny sylamak ullakan edep”, “Sabyrly bolmaklyk ullakan edep”…
Soň şahyr uruşdan gaýdyp gelmedik esgeriň hatyny goşga salypdy.
“Hat gelmedi diýip çekmegin gussa,
Gaýta garaş öňküdenem on esse.
Mendirin şol alabahar günleri,
Agaçlar pyntyklap, şemal öwüsse…”
Urşuň yz ýanlarynda kakasy bazardan gelýän çagalaryň gözlerinden alnan elhenç kartinany bolsa, diňe şol çagalaryň içinde bolan adam däl, eýsem diňe hakyky şahyr janlandyryp biljekdi.
“Eşeklimi, düýelimi, atlymy,
Horjunlymy, haltalymy, zatlymy,
Pişeklimi, pişeksizmi, pyýada,
Hemmesin bir demde bilmersiň aýdyp,
Günüň deň ýarysy geçip-geçmänkä,
Bazara gidenler gelerdi gaýdyp…”
Onsoň, boýunlary sapak ýaly bezzatlar bazarçylary garşy alarlar. Biri “kakam gelýär” diýip, ýene biri “agam gelýär” diýip gygyrar. Jemleme bolsa şeýle:
“Menem nöker bu goşunyň içinde,
Hiç kimseden gaýra durman, elbetde.
Gygyrardym: “Gelýärler-ä, gelýärler”,
Emma welin gygyrardym bir çetde.”
Halyl şahyryň owadan poeziýasy uruş ýyllarynyň külpetli günlerinden, uruş zerarly ýetim galan ulularyň hem çagalaryň ýetim göwünlerinden gözbaş alýardy. Ol goşgularda ullakan hasrat bardy, ýöne ejizlik ýokdy. Göwnüçökgünlik ýokdy. Gaýta belent ruh, ýeňilmez paýhas bardy. Onuň goşgulary agyr günde ýylgyryp bilýän, ýüregi giň, köpi gören merdana adamlary ýadyňa salýardy. Ol bir görseň-ä inçe lirikdi, bir görseňem uly ynsanperwerligiň goragyndaky mert nökerdi. Ýöne bu iki gylyk ondan hiç wagt aýry-aýry zatlar bolmandy. Bular onda, ýalňyşmasam, biri-birine bagly hem biri-biriniň içinden çykýan, biri-biriniň üstüni ýetirýän häsiýetlerdi. Oňa ýasamalyk, zoraýakdan ýa köpbilmişlik edip goşgy ýazjak bolmak ýatdy. Ýalançylyk ýatdy. Ol bu barada şeýle ýazypdy:
"Sözler, mähek ýaly akylly sözler,
Men-ä sizi ýaşlygymdan eý görýän,
Şonuň üçin danalara eýgerýän.
Sözler, bahar ýaly mylaýym sözler,
Men sizi-de ýaşlygymdan eý görýän,
Şonuň üçin şahyrlara eýgerýän…"
Söýgi hakynda ýazmaýan şahyr ýok. Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn, şahyrlar öz söýenleri üçin jomart bolýarlar. Emma Halyl Kulyýewiň söýgi lirikasy şahyrlarda köp duşýan badyhowalykdan, gerekmejek jomartlykdan daşdy. Ol ne aýy, ne-de ýyldyzlary wada berýärdi. Muňa derek ol yşkana kartina çekmäge gaty ussatdy.
"Ýalňyz bolsaň, ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýman diýen sözüň bar.
Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar"
– diýen setirler bilen başlanýan goşguda nähili uly isleg, owadan duýgy, neneňsi näziklik bar!
Indi şahyr Halyl ynsanperwerligiň goragynda duran mert nökerdi diýen pikirimize gaýdyp geleliň.
"Ýollara meňzeşdir şahyryň ýoly,
Miltiň bolsa, goýber senem atyňy.
Rogbatyň bar bolsa göterer ýaly,
Göter zamananyň hakykatyny!"
Eýsem, bar gep şol şahyryň aýdýan rogbatynda dälmidi? Zamananyň hakykatyny götermäge ýetmeli rogbatda dälmidi?
"Şol uzar oturar mawy gözýetim,
Ýeterlik azygyň, suwlugyň bolsun.
Ha ýolda bol, ha düşlegde, parhy ýok,
Ýanyňda mydama gowlugyň bolsun!"
Şahyr adamzadyň gowulyk kesbiniň goralmagyny isleýär. adamyň aslynyň gowulykdygynyň unudylmazlygyny isleýär. Bu isleg hem-ä örän tebigy, hemem juda sada. Ýöne ol şol sadalygy bilen hem beýik. Edil ogrynyň ölümi hakyndaky meşhur goşgusyndaky ýaly, şahyr hemişe beýik sadalyga, arassa, aýlawsyz-nagyşsyz, bolşundan beter bezelmedik, owadanlanjak bolmadyk, ýylmanmadyk dogruçyllyga hemme zatdan beter gadyr goýýardy.
Halyl şahyr özüniň owadan kalbyny, sadadan dürdäne poeziýasyny hiç hili gykylyk etmän, ýönekeýden beýik pikirleri bilen ynsanperwerligiň gullugynda goýdy.
"Bahar siller bat alsa-da, azaryna däl.
Tokaýlary ot alsa-da, azaryna däl.
Ýagşy bilen ýamany garyşdyrsaňam,
azaryna däl.
It uruşdyrsaňam, azaryna däl."
Onuň düşündiriş berip bolmaýan, ýöne okap oňmaly, ýylgyryp ýürege ýazmaly goşgulary bar.
"Ýöne eňip barýar aýagaldygna,
Ýüzün aşak salyp, gölegçi bary.
Obanyň ýarysy ugradyp barýar,
Yzda garap galýar obanyň ýary.
Öleniň yzynda agtyk-çowlugy,
Tohum-tiç, nebere, ýüzläp, soňy däl.
Ýöne ýagty dünýä ýagty dünýä-dä,
Ýüz ýaşa ýetseňem, ölmek gowy däl.
Dyzynyň kuwwaty gaçan bir goja,
Yzda iç gepledýär häliden bäri.
“Beýle gyssanmaçlyk nämä gerekkä,
Ýene-de bir gezek gatnaljak ýaly?”
Şahyr duýgularyň perzendi diýýärler. Ýöne duýgy paýhas bilen, taryhy hakyda bilen ýugrulanda beýik namalar dogýar. Onsoň, Halyl şahyr hem taryhy hakyda ýüzlenmän bilmedi. Gadymy Üstýurduň memleketlerine, uzboýly gyzlaryň şum ykbalyna, ahmyrly göwünleriň ahy-nalasyna ýüzlenmän bilmedi. Bu şeýle-de bolmalydy. Halyl ýaly ýumşak ýürek şahyr halk hakydasyndan üzňe ýaşamalam, döretmelem däldi. Ýöne haýp, şahyr öz ýüreginde beslän kän-kän eserlerini ýazyp bilmän gitdi. Ol uly planly eserlerinden diňe “Akar suw” poemasyny ýazmaga ýetişdi. Bu poema şahyryň ynsanperwerligiň goragyndaky mert nökeriniň kämil dowamydy.
"Ine, dabarasy daglardan aşan,
Goja Horezminiň meşhur binasy.
Zulum bilen döräp, gan bilen ýaşan,
Gadym soltanlaryň belli dünýäsi.
Kapasdy dargursak, zeýli zyndanlar,
Mermerden ýasalan köşki-eýwanlar,
Şu zatlaryň barysynyň astynda,
Ýatyr gamçysyndan gan daman hanlar."
Bu aňyrlardan şeýle. Hak şahyrlaryň adaty azatlyk aýdymyny aýtmak. Zuluma, süteme, gana garşy durmak. Halyl şahyr gözel göwünli goşgularyndan soň taryhy hakyda ýöne ýerden dolanmady. Ony bu däbe hak şahyryň ykbaly alyp geldi. Taryhy hakyda bolsa, türkmene hunaba baryny ýuwtduran ganly sahyplaradan dos-doludy. Ispendiýar han diýermiň, Abulgazy han diýermiň, bir topar ganojak türkmeniň gözüniň ýaşyny kepdirmändi. Düşünjesi hem dünýesi bir çümmüklik hanlardan ýaňa bütin Gündogar çaňa garylypdy. Halyl Kulynyň “Akar suw” poemasy hakyky manysynda uly planly eserdi. Ýöne şahyryň ony doly işläp ýetişmedik bolmagy gaty ähtimal. Şeýle-de bolsa, bu eser taryhy hakyda şahyrana aň ýetirmäge edilen täsin bir synanyşykdy. Şahyr türkmenleriň taryhy bilen bagly töwerek-daşdaky wakalara, döwletlere hem olaryň başynda duran adamlaryň pikir-niýetlerine ýiti hem sagdyn nazar salýardy. Türkmen ykbalyna agyrdan-ýeňilden täsirini ýetiren iňlislerem, oruslaram, Hywa hanlaram şahyryň ýiti nazaryndan sypyp galmaýardy.
“Garaňky Gündogar,
Syrly Gündogar,
Syýasat sen, hemaýat sen, haryt sen!
Goý, açylsyn täze-täze ýodalar,
Rus hazynasy entek garyp sen”
- diýýän Petr 1-njiniň türkmenlere kömek bermek barada senata emr edişi hem şahyryň nazaryndan sypanok. Bähbit hem syýasat, gan hem jan, bu taryhyň ädehedi, oýny bolup gelipdi. Şahyr bu ajy hakykaty hiç kime gol ýapman, kolonial ýurtda adat bolşy ýaly, rus ýaragyny şöhratlandyrman aýdypdy. Sebäbi diýseň, “uly dogan” bolup, 100 ýyl gowrak üstümizden garasa-da, rus hökümdaralam, ondan öňki hökümdarlaram türkmenlere kömek bermek üçin ýarag çekip gelmändiler. Dünýe döräp, ata çykan adam zadyň, baýlygyň hem begligiň yşgyndady. Şahyr bu hakykaty Hywa hanynyň hemme hanlara hem hökümdarlara gaty mahsus pikirlerinde örän jaýdar aýan edipdir.
"Kimler garyp bolsa, şoldur günäkär,
Kimler ejiz bolsa, şoldur günäkär.
Kimler saýyl bolsa, şoldur günäkär,
Şonuň üçin olary garyp edip, ejiz edip,
Saýyl edip ýaradypdyr penakär.
Kimler erk istese, gyryň serbazlar,
Kimler ýer istese, gyryň serbazlar,
Kimler suw istese, gyryň serbazlar,
Kimler nan istese, gyryň serbazlar!"
Halyl Kulynyň goşgulary gyrgynçylygyň hem ganyň, gaharyň hem gazabyň garşysyna müdimi göreşe giren mähir hem muhabbet esgerleridir diýsek, o diýen ulaltma bolmasa gerek. Halyl şahyryň eserleri türkmen ili üçin mylaýymdan owadan sözler bilen dikeldilen ajap bir köňül köşgüdir. Ol köşge gelenem, gatnanam tapylar. Sebäbi Halyl şahyr sowet ideologiýasynyň astynda ýaşan hem bolsa, bu dünýäniň serbazlar tarapyndan gan hem gylyç bilen däl-de, şahyrlar tarapyndan söz hem söýgi bilen dolandyrylýandygyna ynanmak isläpdi. Bu onuň bize miras goýan azdan-uz goşgularyndan görünýär.
("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)
1999