Surat

Bizden nämüçin geniý çykmaýar?

Ahmet Bekmyrat hakda oýlanma

Ahmet Bekmyrat dilinde ’watan’, ’millet’ diýip, ýüreginde başga zat saklaýan nadaralardan däldi. Ol jepakeşdi, arassady, hakyky oba oglanydy. Men onuň titilläp geýinjek bolanyny ýa köpbilmişsiränini bilemok. Ol köp okardy, gözlärdi, köpräk öwrenjek, biljek, bilenlerini iline ýetirjek bolardy, kän işlärdi. Belki bir zaman türkmende halk, millet, aň galkynyşy üçin edilen işe gadyr goýulýan günler geler. Şonda Ahmediň gysga ömründe edip bilen işleri, ýazan zatlary daşy zerlenip çap ediler, halk bahasyny alar.

Men ony ilki gazet makalalaryndan tanapdym. Uniwerstitet döwrümiz, "70-nji ýyllaryň türkmen romany we edebi tankyt" diýen temada diplom işini ýazamda, köne gazýetlerde men onuň goşgularyna-da gabat gelipdim. Diplom işimi goramda bolsa, ol meniň ylmy opponentim bolupdy. Şondanam biziň dostluga gaýra dur diýdirýän ynamly iş gatnaşygymyz başlandy. Men student döwrümde korrektor bolup işlän gazetime, "Edebiýat we sungata" habarçy bolup bardym, ozal Ahmediň işläp giden tankyt bölüminde ilki edebi işgär, soň bölüm müdiri bolup işledim. Ahmet o wagtlar Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynda işleýärdi, Magtymgulydan doktorlyk işini ýazýardy.

O mahallar biz "Edebiýat we sungatda" dürli temalardan "Çaý başynyň söhbetlerini" gurardyk. Bu söhbetdeşliklere tankytçylary, edebiýat ylmy bilen iş salyşýanlary köp çagyrardyk. Elbetde, Ylymlar Akademiýasynda-da, Turkmen döwlet universitetinde-de, Çärejewdäki pedagogiki institutda-da dilçiler, edebiýatçy alymlar kändi, ýöne olaryň içinde gazet makalasyny ýazyp bilýän, çekişmelere gatnaşmaga taýýarlykly adamlar kän däldi. Ýazyjylaryň, sungat, medeniýet işgärleriniň içinde-de gazýet makalasyny ýazmaga döwtalap adamlar köp däldi. (Dogry, zoraýakdan ýazyjy boljak bolýan, redaksiýalara at tezegini guratman gatnaýan kändi. O hili hüjümçilerden goranmak uly işdi.) Onsoň biz Ahmet ýaly hem kellesi, hem eli işleýän alymlary häzirki zaman edebiýat meseleleriniň töweregine köpräk çekmäge çalşardyk. Ozal işlän ýeri bolany üçin ýa-da alymyň il-halk bilen ýakyn gatnaşygynyň näderejede zerurdygyna gowy düşüneni hemem metbugat arkaly halka aýdara zady bolany üçin, Ahmet redaksiýa köp gelerdi. Haçan görseňem aladalydyr, işlidir, ýadawdyr. Sebäbi ol gijeler ýatman işlärdi. Redaksiýa gelende-de eli boş gelmezdi.

Gowy gören hem ir ýitiren kärdeşiňi uzak wagtdan soň ýatlasaň oň bilen eden ýürekdeş gürrüňleriň ýada düşer ekeni. Bir gezek Ahmet redaksiýa gelip, "Inim, men senden bir zat sorajak, ýöne dogryňy aýt" - diýdi. Men "Sora!" diýdim. Ahmet ýaýdandy, hasyrdap çübüsinden bir gap çilim çykaryp, çilim otlandy. Megerem birinji hem soňky gezek, ol şonda maňa-da çilim hödürledi. Ýogsa ol meniň çilim çekmeýänimi bilýärdi we degşip, "gazýetde işläbem çilim çekmän boljak ekeni" diýýärdi. Men ony ozal beýle halda görmändim.

"Inim, sen Ahmet Bekmyrat ýazyjy däl, ony Ýazyjylar Birleşigine agza etmeli däl-de, meni etmeli, sebäbi men ýazyjy, Ahmet alym" - diýip, MK arza ýazdyňmy?"

Men bu soraga birerbet boldum. Şo ýyllar biz Ýazyjylar birleşigine agza boljak bolup, her ýyl arza bererdik. Ýöne bizi her ýyl ’ýykardylar’. Men özüm ýaly metbugatda kän çykyş edýän oglanlaryň arzalarynyň dört-bäş gezek yza gaýtarylanyny bilýän. Şeýle ýagdaýda meniň öýkeli bolmagym, MK-a arza ýazmagym bolup biljek zatdy. Ýöne men beýle arza ýazmandym. "Ahmet Bekmyrat Ýazyjylar birleşigine agza bolmaly däl diýip ýazyp-da biljek däldim, sebäbi ol edebiýat üçin bir topar atly-derejeli ýazyjydan köp iş edýärdi.

"Ýok, agam. Beýle zat meniň akyl-huşuma myhmanam bolmandy, ynanmasaň, ýör gideli şol arza ýazyldy didýilýän ýere, ýa şu sözi kim aýdan bolsa, şony görkez" - diýip, men Ahmediň gözleriniň içine seretdim. Ahmet zöwwe ýerinden galdy-da: "Boldy, ynandym, biderek ýüregimi çişirden ekenim"- diýip, egnime kakyp, gyssanmaç çykyp gitdi. Soň şunuň ýaly bir ýagdaý Akmyrat Şir bilenem boldy. Olam ýüzüni sallap gelip, "aýdylýan zada doly ynanman, ilki özüňi görenim gowy bolaýdy" diýip, begenip gitdi. Görüp otursam, meniň höwes edip gelen edebiýat meýdanym gep-gürrüňiň, gybatyň öýjügi ekeni. Elinden hakyky eser gelmeýän owunjak ýazyjylar o biriniň gepini başgasyna aýdyp, gep gezdirip, birleriniň garşysyna topar tutup, golsuz arza ýazyp, bor-bolgusyz eserlerini çykartmak, galam haky, baýrak almak ugrunda ullakan göreş alyp barýan ekenler.

Bir gezek men Ahmetden "biziň ýazyjylarymyz näme üçin tankydy beýle ýigrenýärler?" - diýip soradym. Ahmet bu soraga ýylgyryp: "Eýsem, tankydy gowy görýän barmy? - diýdi. - Ýumruk ýaly çaga bilen öljek bolup ýatan garra-da hoş söz aýt, ýyrş-ýyrş ederler."

"Bu dogry, ýagşy söz ýylany hinden çykarar, ýöne ýazyjy, şahyr tankyda dogry düşünmese, ony synpy duşman hasaplasa, onuň özüniňem ogry-jümrüler, şer şärikleri tarapyndan synpy duşman hasaplanmalydygy düşnükli dälmi... Edebiýat, sungat çynlakaý iş, onda hemişe kompliment bilen mydar edip bolmaz, dürli pikirler aýdylmaly bor. Bu wagt stalinizm ýok, edebiýatda syýasy yrgalyk gözlemek, awtory Sibire ibermek barada gürrün gidenok" - diýip, men Ahmedin pikirini biljek boldum. Ol çilimini uly-uly sordy, öňündäki kofeden gyssanmaç owurtlady-da, "Inim, bu zatlara başyňy agyrtma, barybir bizden geniý çykmaz. Men taryhy kän dördüm. Asyryň başy bilen aýagynda adamlar ownuk bolýarlar. Ylma geç ýa-da, gowusy, roman ýaz. Ýa-da ikisinem et. Ylmy ýolbaşçyň bolaýyn. Işiň gapdalyndanam ýazsaňam bolar" - diýdi.

Soň men Ahmediň bu sözlerini kän ýatladym. Şol wagt men ony dogry jogapdan gaçan hasaplapdym. Emma ol ownuklyk barada aýdyp, soragyň jogabyny gaty dürs beren ekeni. Ýöne ol asyryň başy bilen aýagy baradaky gürrüňi edil kanunalaýyklyk hasaplandyr diýip biljek däl, belki ol bu gepi sypaýyçylyk üçin tapandyr.

Eýsem, arak içip ýolda ýatan şahyr ýa-da ondan-mundan gyrp-çyrp edip ýören çagalar ýazyjysydyr fantast ýazyjy tankydy bagyşlap bilmese, ýüz setirini öwüp, iki setirine telek diýilse depäňden daş guýmaga taýyn duşman bolsa, intelligensiýanyň öňde bolmaly wekili şeýle bolsa, näme üçin sowet-partiýa işgäri özüni tankyt etdirmeli? Bizde tankydy duşmançylyk saýmak, başgaça pikiri ýokuş görmek, has dogrusy şu günki ähli bela-beterler, türk hem musulman dünýäsindäki yzagalaklyk, megerem, şu ýerden başlanýar. Şu sebäpden, biziň garaşsyzlykdan soň düşen ýagdaýymyz asla tötänlik däl, ýazyjylaryň gulçulygyň aňrybaş nusgalaryny görkezmegi, halkyň düşen gününe ussatlarça göz ýummagy hem ’gülala-gülluk tansyny etmegi’ – bularyň hiç biri tötänlik däl. Olar öň biri-birinden syýasy ýalňyş gözläp, Kompartiýa, Lenin hakynda waspnama ýazan bolsalar, soň Gurbansoltanyň ogly hakynda ýazdylar. Sebäbi olar bazara, halk synagyna, wagt synagyna taýyn däldiler, bileklerini çermäp çörek iýmäge, göreşmäge taýyn däldiler. (O zatlara gep-gybat, topar-topar oýny, golsuz arza bilen taýyn bolup bolanokdy, okap, işläp, uzak ýyllan jan deriňi maňlaýyňdan saçyp taýyn bolup bolýardy.) Onsoň nalajedeýin ýasyjylar bilen ýarymsowat žurnalistlere, göýdük sungat, medeniýet işgärlerine diňe bir ýol, haldan gaçyp ýykylýançalar ýaranjaňlar hem ýalançylar marafonyndan galmajak bolmak galýardy.

Men Ahmet bilen gürrüňimi gaýybana dowam etdirýärin. Londonyň ortarasynda geplenýän minara bar. Şol minara çykyp, Britaniýany şu derejä ýetiren şalar nesline-de, şu günki şa aýala-da islän zadyňy diýip bolýar, şeýdeniň üçin gelip seni tutýan, urýan ýok. Emma türkmeniň iki sözüň başyny çatmany ýaňy öwrenen žurnalistine makalany täzeden işle diýmek bolanok, beý diýseň ol makalany ýyrtyp zyňýar. Ýa-da bolmasa, Akademiki teatrda täze goýlan oýun maslahatlaşylýar. Bir aktrisa pikirini aýtjak bolýar. Režissýor muny öler ýaly ýokuş görýär. "Aý, hawa-da, bu zatlar kyn-da, bizem öwreneris-dä" - diýip demagogiýa başlaýar. Aktrisa "men beýle diýjek bolmadym, pylany-pylanyewiç, oýnuňyz gaty gowy bolupdyr, maňa ýalňyş düşünmäweriň" - diýip, zordan başyny gutarýar. Soň diktatura gelende, ýaňky ýaly ýarymsowat žurnalistler-u režissýorlar, ýazyjylaru şahyrlar ’tansçy’ bolýan ekenler, ýadaman-ýaltanman, biri-birine gezek bermän ’dil tansyny’ edýän ekenler.

Ahmet ýaly ömrüni halky üçin şem edip ýakan gerçekleriň ir gitmeleriniň bir sebäbem şu bolsa gerek. Ol öz wagtynda tom-tom kitaplaryny görmelidi, işlemäge mümkinçilik almalydy. Hem eklenç, hem göriplükdir bisowatlyk arasynda, aýakdan aslyşýanlardyr depä berýänler içinde kösenip geçmeli däldi. Emma haýp, bu zatlar Ahmediň döwründe-de şeýle boldy, şindi-de şeýle. Ahmet dirikä biz bu zatlary kolonial ülkeligimizden görerdik. Emma garaşsyzlyga çykyp, ondanam beterine uçradyk. Biz dürli-dürli neşirýatlar açjakdyk, dünýäniň merjenlerini türkmençä terjime etjekdik. Eli galam tutýan türkmenleri işletjekdik. Ahmet ýaly alymlary neşirýat nobatynda garratjak däldik. Haýp, neşirýat açmak däl, işläp duran kitaphanalarymyz ýapyldy. Bu biziň nirä barýanymyzy görkezýän iň aýylganç görkeziji bolsa gerek. Ahmet neressäni ýatlap, men bu agyr ýagdaýy tötänden agzamadym. Çünki Ahmet türkmen aňy, türkmen intellekti, türkmen derejesiniň belent bolmagy üçin işläpdi, jan aýamany, keýpi inkär edipdi. Ol türkmen bu günki ýaly bolsun diýmändi, okasyn, oýlansyn, has çuň bikir etmegi, has giň görmegi öwrensin, öňe gitsin diýipdi.

("Azatlyk" radiosynda efire berildi.)

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024