Sýurrealistik poema
ýa-da gadagan edilen şahyryň monology
Biliň, meniň ellerimi
urgan bilen baglasalar;
biliň, meniň dillerimi
dil ýardyrman daglasalar!
Alar menzilim aldyrman,
ardan ardyryp, ýadadyp,
arkama şemal çaldyrman,
gyrsalar uçar ganatym;
zyndanda bent etseler ýa
maýyp-müjrüp eýleseler,
ýyksalar, entetseler ýa
maňlaýymdan çüýleseler,
biliň, bek biliň,
türkmeniň ellerniň uzyn bolanyn,
türkmeniň dillerniň dünýä dolanyn,
türkmeniň adynyň arşa galanyn
isleýän däldirler, biliň, bek biliň?!
Meniň erkin sözlänimi, diýenim,
meniň erkin ýigrenenim, söýenim,
türkmen diýip jibrinenim, köýenim
islemeýänler
türkmeniň azat bolanyn,
erkin dem alanyn, örňäp-ösenin,
daýananyn, döwlet-döwran söýenin
isleýän däldirler, gysganýandyrlar,
gyssanýandyrlar!
Biliň, meniň gözlerimi gapdyryp,
sesime, sedama suwlar sepdirip,
ýolumy urduryp göýdük-gödege,
aýagym köwdürip her het edene,
türkmeniň adyndan gürlese her kim,
tiz alar merkin;
biliň, türkmen görer göze kast etmez,
biliň, türkmen dogry söze kast etmez,
hemem kasas kyýamata galmaz hiç,
kast eden pes bolar,
biliň, iru-giç!
Türkmen kör bolmaly ogly däl tanryň,
türkmen lal bolmaly ogly däl taňryň,
türkmen gul bolmaly ogly däl taňryň,
ala-böle entemeli ogly däl,
ala-böle siltelmeli ogly däl,
biliň, biziň kör bolmagmyz islänler,
lal bolmagmyz, gul bolmagmyz islänler
türkmen däldirler,
çyksa, dyrmaşsa-da beýgine kürsiň,
kiçijikdirler,
türkmenjikdirler!
Türkmenjikler isläp biler türkmeniň
şahyrynyň lal bolaryn, dymanyn;
türkmenjikler isläp biler türkmeniň
gul bolaryn, öz gollaryn daňanyn;
türkmenjikler isläp biler türkmeniň
göýdügini, gylçysyny, çamanyn!..
Türkmenjikler isläp biler türkmeniň
okamanyn, oýlanmanyn, bilmänin,
türkmenjikler isläp biler türkmeniň
ertir-agşam şol bir heňi diňlänin,
şol bir heňi -- tabyn boluň, boluňy,
şol bir heňi -- kaýyl boluň, boluňy,
gutarmagyň aýdymyny, tükenmegiň samramasyn,
ölüm heňini!
Türkmenjikler isläp biler türkmeniň
şol bir gohdan güň bolaryn, heňlänin,
gurçuklanyn, gurtlanyn hem bitlänin,
bitmänin,
gögermänin, örňemänin, ösmänin!..
Biliň, dünýe başlanýandyr bilmekden,
türkmeniň şahyryn gadagan eden,
türkmeniň şahyryn çukura iten,
özi türkmen bolsun, türkmen bolmasyn,
türkmeni gadagan edýändir, biliň,
türkmeni çukura itýändir, biliň?!.
Biliň, adam başlanýandyr bilmekden,
türkmeniň şahyryn zäherlän, atan,
türkmeniň şahyryn öldüren, satan,
özi türkmen bolsun, türkmen bolmasyn,
türkmeni zäherläp atýandyr, biliň,
türkmeni öldürip satýandyr, biliň,
bek biliň?!.
Bilmänimiz üçin türkmeniň ýurdy
bölek-bölek bölünendir owaldan,
bilmänimiz üçin türkmeniň erki
döwüm-döwüm döwülendir owaldan!
Bilmänimiz üçin dagandyr türkmen,
ýurt binasy söklem-söklem sökülip,
bilmänimiz üçin aglandyr türkmen,
äňin gysyp, diş-dyrnagy dökülip,
bilmänimiz üçin ýitendir ýollar,
bilmänimiz üçin batandyr sallar,
bilinmäni üçin entändir türkmen,
bilinmäni üçin ýitendir türkmen...
Haýran türkmen, haýran depe haýrany,
bu ne weýran, köňňülleriň weýrany,
bu ne weýran, kalplaryň weýrany?!
Ne ýürek galypdar, ne-de bir bagyr,
agyr, götererden, çekerden agyr!
Ne kelle galypdyr, ne-de bir elde,
türkmen aşak düşýär pelleme-pelle!..
Biliň, ömür başlanýandyr bilmekden,
gülüň, ömür başlanýandyr gülmekden,
aglamakdan başlap ömrün adamzat, --
aglap ötmeli däl ömür emgekden!
Aglap ötmeli däl ömür ezetden,
azardan, ejirden, etinden geçen;
ne myhman biz, gijä galan hezzetden,
ne millet biz, egsik itinden geçen?!
Gerçek-gerçek ärler doguran türkmen,
gerçeklerin diş deý çüýreden türkmen,
soguran türkmen;
her gerçegin ugradanda aglaman,
özün soňky ýola ugradan türkmen,
öz-özün hendege iteklän türkmen,
özün däl, özgäni köteklän türkmen,
gömmeli bor çukuryny öz gazan,
öz ýakan oduny öçürmeli bor,
çykmaly bor çukuryndan, hendekden,
ömür-ahyr tütemekden, ýanmakdan!
Gutarmaly diýlen zat ýok soňna çen,
tükenmeli diýlen zat ýok soňna çen,
hala Gorkut bolsun, ha Salyr Gazan,
ha Görogly bolsun, kowan hem gaçan,
türkmeniň tükenmez ahyndan dörän,
pirim Magtymguly, bitmejek ýaram,
ezelden şu güne, türkmen atlylar
türkmen betbagtlygna günäkärdirler!
Günäkär başymyz, gara başymyz
göterere egin, silkere ýürek
edinmäň gamyny iýmeli halda,
neçüýn ýok ýerinden gözleýäs dalda?
Neçüýn bir-biregi ýigrenýäs beýle,
neçüýn beýle bahyl bolupdyr türkmen?
Neçüýn biziň dogan günümiz öýle,
neçüýn beýle pahyr bolupdyr türkmen?!
Neçüýn öz-özümiz depeläp-basyp,
öz-özümiz mynjyradyp barmyş biz?
Nirede göýdügmiz boýundan asyp,
ýülnüp bolmaz gara günä, gargyş biz!..
Neçüýn ýyglap geçip pir Magtymguly,
agysyna agy goşan ýok şindi;
neçüýn türkmen guluň guly gaňňaly,
neçüýn bize bölünen paý sarkyndy!..
Biliň, meniň türkmen diýen ýüregim
ýarylar ýa galar urmakdan bir gün...
Biliň, meniň türkmen diýen ýüregim
alypdyr özüne agyryn görgiň,
agdygyn ýüküň,
meger, şondan enteýänim käteler,
galar diýdirýänim maýrylyp-çöküp...
Men jogap gözlärin gülmezden ötri,
meý-mes bolup meýlislerden, şowhundan;
men jogap gözlärin ölmezden ötri,
bigäneleň, bibeýnileň gohundan;
men jogap gözlärin soňky güne çen,
soňky deme çen!..
“Gynanylýan adam hakyky däldir”,
gülünýän adamam däldir hakyky!
Gynanylýan millet hakyky däldir,
gülünýän milletem däldir hakyky!
Haçana çen hakyky millet däl biz,
haçana çen hakyky däl jemende?
Haçana çen ýegşereris minnetden,
haçana çen demikmeli demiňden?
Haçana çen süýrenmeli ýöremän,
haçan çen emedek-de-omadak;
haçana çen öň ýanynda döremäň,
haçana çen dogulmaly ýaňadan?!.
Wadaryg-a, ölmez-gülmez milletim,
wadaryg-a, agysyna aglamaz!
Wadaryg-a, düýbi-duly eletim,
wadaryg-a, agzy-aňy baglanan!
Öňe, belentlige ýoly baglanan,
küregi baglanan, saly baglanan,
wadaryg-a, galnyp bilmez hassaga,
wadaryg-a, öz-özüne gyssaba!..
Biliň, durmuş başlanýandyr bilmekden,
bildirmejek bolýan türkmenjiklerdir!
Biliň, durmuş başlanýandyr gülmekden,
güldürmejek bolýan türkmenjiklerdir!
Türkmen bolup, gözlerini türkmeniň
kör goýmak islänler türkmen däldirler!
Türkmen bolup, sözlerini türkmeniň
dar goýmak islänler türkmen däldirler!
Türkmen bolup, türkmen ählin azada,
erkin dünýä gözlemekden goýanlar,
türkmen bolup, türkmen ählin azada
pälin, netin sözlemekden goýanlar,
ha pygamber bolsun, hala perişde,
hala şahy älem, hala her işde,
hala bolsun biribardan gönderlen,
hala bolsun biribardan emdirlen,
türkmen däldir,
türkmenjikdir, kiçjikdir,
pikri, zandy göýdüjekdir, wiçjikdir!
Göýdüklikden gorkuň ajaldan beter,
göýdüklerden gorkuň ajaldan beter,
ýöne gorky aňyňyzy almasyn,
göýdükmekden gorkuň ajaldan beter!
Göýdüklik aýamaz milleti-maly,
göýdüklik aýamaz äri-aýaly,
boguň göýdükligi demini bermän,
soň özüňiz galmaz ýaly ýer sermäp!..
Içde bolsa, içiňizde boguň siz,
daşda bolsa, daşyňyzda boguň siz,
eýmeniň göýdükden ajaldan beter,
göýdük bolsa geçiň, ötüň ogulsyz,
göýdük bolsa, gyzsyz geçiň dünýeden,
atsyz-sorsuz, yzsyz geçiň dünýeden!
Giden millet, saýry millet aslynda,
(öň diýerdim, aýry millet aslynda,)
nädip bor göýdükse başdan-aýagna,
depesini tutup sähnäň taýagna?!.
Nädip bor türkmeniň aňy ýetmese
ynsandygna, adamdygna biriçe?
öz-özüni ýakanyna dirije?!
Nädip bor aýagyn, elini baglap,
öz-özi ýüp bolup iýşilen halka?
Nädip bor gözüni, dilini baglap,
ýene öz boýnuny syrtmaga salsa?
Ýene başyn goýsa çapgy ýassygna,
göýä ozal az çapylan deý başy;
türkmenjikler, göýdüjekler gyssanyp,
türkmen bolsaň, möý okan deý gargyşy
eňterip ýörseler ýakyndan, daşdan,
türkmenjikler, türkmenjigi alkyşlan?!.
Biliň, ösüş başlanýandyr bilmekden,
ýaňy çykyp syrkynlykdan, gürmekden,
ýandakly, gyzganly, demirtikenli,
gylyçly, nalyşly, zorluk-sütemli,
türme-toňkatarly günlerden geçip,
ene yza dolanmaly nämüçin,
ene könä çolanmaly nämüçin?!.
Nämüçin biz dolanmaly ýalana,
öz-özümiz aldap, aldanyp ýene?
Nämüçin biz dolanmaly talaňa,
öz-özümiz talap, talanyp ýene?
Nämüçin içkisiz, daşkysyz ýalan
ene ak münberiň eýesi boldy?
Nämüçin türkmeni tükeden talaň
ene ak günleriň ýagysy boldy?..
Biliň, sandan çykar oba ogrusy,
sandan çykar şäher jüwlügi biçem;
biliň, sandan çykar döwlet ogrusy,
ölere ýer tapmaz, ýöne oňa çen
il ýüzüniň tuwagyny sypyrlar,
asgyn gelse ogrusyndan dogrusy!
Biliň, sandan çykar daýanan zora,
täzelik däl munda ölmek dirikäň;
Isgenderden sora, Karundan sora,
ötmez-geçmez dirileriň birikäň;
sorap gör jana dert mal ýygan bende,
sogan soýan ýaly soýup ilini!..
Ogurlyk eden däl, tutan şermende,
a aýdanyň sogurmaly dilini...
Men düşünip bilmen, düşünip bilmen,
dünýäň doýmaz-dolmazlygna, açlygna?
Men düşünip bilmen, düşünip bilmen,
dünýäň dökän-saçanlygna, kaşlygna?
Men düşünip bilmen, tozanly oýda,
kolhoz diýlen, sowhoz diýlen saraýda,
aç çaga otyrka gözüni ýaşlap,
aç gelin ýatyrka ýaşmagyn dişläp,
hyrçyn dişläp otyrkalar erkekler,
erkekligne, ärligine utanyp,
bu türkmeni ýer götermez, ýer çekmez,
öler, öter ötmez günden örtenip!..
Bölüniň ak-goňur, ýaşylu-gyzyl,
bölenler asmany ýyksyn diýseňiz!
Böldüriň özüňiz, alardyp agyz,
bölenler bal günden aksyn diýseňiz!
Ganyňyzdan şerap ýasap içsinler,
süňküňizden talhan edip iýsinler,
owsunlar, türkmenim, owsunlar seni,
döwsünler, türkmenim, döwsünler seni,
owulýansyň, owulmaga ylaýyk,
döwülýänsiň, döwülmäge ylaýyk,
Pyragyny agladansyň,
ene käni agladansyň,
agladarsyň, aglarsyň,
owulanna, döwülenne
aň aýlamaz halaýyk!..
Bir hak bardyr arasynda ýer-gögüň,
bir hakykat, aga-gara deň-deraz:
aga -- ak diýmeli şermendäň, jögiň,
gara -- gara butparaz hem segparaz!
Pişikparaz, syçanparaz, baryňyz
aga -- ak diýmäge gaýrat tapmaly,
göge -- gök diýmäge gaýrat tapmaly
ýa-da kime derkar bu soňsuz gürrüň,
kän ýatyldy, ýene-de kän ýatmaly,
ötüpdir kän gara günler başyňdan,
magtan-da ýör men bir halk diýp hepbeli!
Men bir edermen diý gylyjy ganly,
ýöne ozal, ozal bolupdy bary --
diý-de gara başyň ýapyr-da ýaplan,
pişikler özüni öýdende gaplaň,
sen nämüçin aldamaly däl özüň,
geçmiş bilen, haly bilen, at bilen,
düşünmedik düşünmez bu zatlara,
düşünýändir düşünen hem tap bilen...
Biliň, meniň ellerimi
gandal bilen baglasalar,
biliň, meniň dillerimi
dil ýardyrman daglasalar!
Alar menzilim aldyrman,
ardan ardyryp, ýadadyp,
arkama şemal çaldyrman,
gyrsalar uçar ganatym;
zyndanda bent etseler ýa
maýyp-müjrüp eýleseler,
ýyksalar, entetseler ýa
maňlaýymdan çüýleseler,
biliň, bek biliň,
türkmeniň ellerniň uzyn bolanyn,
türkmeniň dillerniň dünýä dolanyn,
türkmeniň adynyň arşa galanyn
isleýän däldirler, biliň, bek biliň!
Men türkmeniň arydyryn, arsyzlar
ar alarlar ak ýüzüme tüýkürip;
hem türkmeniň namysy men, binamys
namys etmez hak sözüme tüýkürip...
Meniň erkin sözlänimi, diýenim,
meniň erkin ýigrenenim, söýenim,
türkmen diýip jibrinenim, köýenim
islemeýänler
türkmeniň azat bolanyn,
erkin dem alanyn, örňäp-ösenin,
daýananyn, döwlet-döwran söýenin
isleýän däldirler, gysganýandyrlar,
gyssanýandyrlar!..
Aşgabat, dekabr, 1994.