Surat

Jebran Halyl Jebrana ýüzlenme

Barmykam diýýän käte,
geldimmikäm jahana
gelen şekilli?
Gitsem -- gädilip ýerim,
bilinermi gidenim?

Barmykam men jahanda,
geldimmikäm är deýin?
Agyr günde, gaflatda
mydar bolup ilime,
tümlük içre yş bolup,
ýandymmykam är deýin?
Ýa gezdimmi ýymsaryp,
ýalandan çydan bolup,
ilim sermenende gaflat tümünde?!

Barmykam men aslynda,
atadan gana gelip,
eneden jana gelip,
ýagty jahana gelip,
sap-sap gelip, sap-sap geçenler ýaly,
göni geçip barýan bolsam bildimmi?!

Gelenim, eglenenim,
ýol başynda ýorulanym, ýadanym,
ýollar diýip ýatanym,
ýollar diýip turanym,
a soñ bolsa ýol ýorgudyn kylanym
bilinjekmi?!

Soñ bir gün men bolup
ýa meni idäp,
geçen ýollarymdan ýol salyp,
ýadap,
meniñ iglän ruhum deýin,
dertdeş, dertli yzlap,
derman agtaryp,
meni diýip gelinjekmi?!

Barmy men aslynda,
ýok bolsam heniz,
ertede-birigünde,
şatlyk-şagalañynda,
jezada-süýreginde
boljakmykam bir,
ýa bolmajakmykam,
bellimi başdan,
galkynanym asman,
göterlenim gök,
tutarlarmy adym
yzlap Arkaçdan?!

Aslynda, munda bar bolmagyñ ýoly nirede, kaýda?
Haýsy dagda, haýsy derede, haýsy jülgede? Nädip tapmaly o ýoly?...
Belki-de, bar bolmagyñ ýoluny sen aýdarsyñ, Jebran?
Ýer bilen gögüñ arasy adamdan doly, ýöne adam az.

Men özüm ýaly kän mönlügiñ däl-de, sen ýaly azlygyñ ýesiri, Jebran!

“Sen kör, men bolsam kerem, lalam, şoñ üçinem el-ele bereli-de,
bir-birege düşünjek bolaly» -- muny sen edil maña diýen dälsiñ.
Ýöne şonda-da bir-birege düşünjek bolaly, başga alaç ýok...

Jebran,
gördüm gözden akan ýaşyñy,
paýhasyña urup juwan başymy.

Jebran,
akyl aýlagynyñ aşygy,
seni gözläp kän garandym daşymy.

Jebran,
jowrandym men, ýandym ýalnyña,
bişdim ataşyña, gelip alnyña.

Göýä ot agtaryp uçan perwana,
nura aşyk bolup geldim alysdan.
Amerika nire,
nirede arap,
dertli haçan duş gelipdir dermana,
nirde Türkmenistan,
tebt alyp ýanyp,
Ýowşan nirde duş bolupdyr Jebrana?!.

Belket, bizi ruh sataşdyrandyr, ruh duşurandyr?
Ýerdäki hudaýlar duş eýländir, seniñ hudaýlaryñ, eý,
hudaýsyz Jebran! “Men -- söýginiñ ýolbeledi,
men -- kalplar üçin şerap, men --ýüregiñ höregi...»
“Men -- ykbalyñ özi: şu gün gurýan, ertir bolsa ýumurýan.
Men hudaý: jan berýän hem jan alýan...» -- Bu señ özüñ, Jebran!
Men bolsam hiç kim, şoñ üçinem aç galdym, kän horukdum.
Maña kalp şeraby ýetmedi, ýürek höregi ýetdirmedi.

Ýolbeletsizem kän horlandym. Azaşdym.
Daşdan aýlanyp gelmeli bolum. Giç geldim.
Şol aýlawly ýolda, agyr ýolda göýdügen adamlara duşdum.
Olar agyr ýolda galanlaryny menden gördüler.
Meniñ geçip gaýdanymy, özleri ýaly göýdügip galmanymy halamadylar.
Olar men hiç hili göýdügen däldir öýdüp ynjadylar.
Ýöne men olardan bäş beter göýdügipdim.
Şoñ üçinem maña ýolda galmak bolanokdy.
Şoñ üçinem men hökman menzile ýetmelidim.

Ýogsa göýdügen göwnüm o dünýe-bi dünýe näzra boljakdy.
Üstesine, özümden gaýry meñ göwnümi görjegem ýokdy.
Öz göbegimi özüm kesmelidim...

“Meniñ aýdýan zatlarymyñ ýarysy manysyz,
ýöne men olary zynharlaýan zatlarymyñ galan
ýarysynyñ saña ýetmegi üçin aýdýan» --bu señ özüñ, Jebran!

Belki, meniñ aýdýan zatlarymyñ barysy manysyzdyr,
ýöne men saña düşünjek bolýan...

Asylkysyny aýtsam, men owalda-başda adama uýdum,
adama ynandym, adam diýip ýykyldym,
Jebran! Içden hem daşdan adam diýip kän gygyrdym.

Aýdymymam adam, agymam.
Sowal köküni gönderenimem, ýüzlenenimem.
Belki, men diñe saña däl, tutuş adamzada ýüzlenendirin...

Adam,
sen özüñi owal-ebetde
tanamadyñ, tanajagam däl ýaly.
Balyk deýin, urnup ýatan sebetde,
owsundym men saña suwly käl ýaly.

Darkaş gurup ýollarynda zeminiñ,
kä sarwan sen, kä şaññy pes padyman.
Ilki aga, soñra gara emenip,
Arşa-kürse dawa saldyñ ýadaman.

Ýene typyp gaçyp soñky şaýy deý,
poluñ jaýrygyna tigirlenen kim;
bir-biregi yzlap goñur aýy deý,
derisi sypyrlan, ogurlanan kim?

Aman-aman, aman başdan-aýaga,
durky-durmuşyña galpmykañ sen?
Bagry badaşanmyñ töññä, taýaga,
jeññi-jedel bile alpmykañ sen?

Men saña güleñde ynandym çyndan,
ýumruk iýdim urşanyñy aralap;
gyssanañda, gyşarañda ýoluñdan,
soñ ýene aglañda bagryñ paralap...

Zer-zerbap beslenip, ýamanyñ pisläp,
diýeniñde: “Degmedige degmerin”,
ynandym men saña gowulyk isläp,
galdyñmy ýa ýolaýyrtda eglenip?!.

Adam,
nirede sen, mendemi-onda?
Seni sorag salyp gideýin kanda?
Yryldym sen diýip, seni apalap,
ynanasym geldi ynam synanda!..

Ondan, mundan... ynamym syndy diýip,
göwnüm geçdi diýip, tutuş adamzada ynanman bolmaz,
tutuş barlykdan sowap bolmaz. Beýtseñ, bite gahar edip,
ýorgan otlan ýaly bolarsyñ.
Aýry-aýrylykda alañda çig süýt emen adam,
aýry-aýrylykda alañda özüne ynamy,
ykrary kemen adam umumylyka adamzat ähline degişli.
Ol umumy adamzat paýhasyna dahyllylyk derejesi bilen beýik!
Seniñ paýhasdan ýaşyl ýalyn bolup ýanşyña
gözüm gidýär, Jebran! Belki, menem şeýdip ýanaryn.
Arman, ýaş süýeklerim heniz paýhas şöhlesiniñ
astynda kakan däldir-de, tutaşyp bilmän,
tüsseläp durandyr.
Diñe meniñ däl, kän-kän men tetellileriñ suwlañ
süýegi paýhas guruganlygynyñ
ýetmezliginden ejir çekýändir. Ýanyp bilýän däldir...
Bilýän, men seni öz telper pikirlerim bilen,
oglan oýlarym bilen kiçeldýän, Jebran!
Ýok, galat diýdim, asla beýle däl.
Men seni kiçeldeýin diýsemem kiçeldip bilmerin.
Gaýtam özüm kiçelerin.

“Hudaýyñ ilkinji serine gelen pikir Perişde hakynda,
ilkinji diline gelen söz bolsa adam bolupdyr» --
bu seniñ paýhas ýalnyñ alysdan görünýän ýalkymy!
Aslyýetinde, Perişde bilen adam aralykda bir ýakynlyk,
birem daşlyk bar, çenim çen bolsa.
Menem başda özümi perişdedirin öýtdüm.
Adamlaryñ ýüzüne perişde päkligi bilen seretdim.
Perişde ýüregi bilen söýdüm.
Perişde kibi asmana-asmana göterildim.
Uçdum! Birden-birden bularyñ bary düýş bolup çykan ýaly boldy...

Eýsem, düýşmüdikä? Diñe şolmudyka?
Aslynda men özümiñ oglan düýşlerimiñ aşygy.
Ol düýşler meniñ binýadym, berkim.
Gollarymy galgadyp, al-asmana galar giderdim.
Isledigimçe uçardym, isledigimçe belende göterilerdim.
Ine, indi seredip otyryn welin,
haçandan bäri uçmandyryn,
göterilmändirin gözüm galan asmana.

Öñki göterilenlerimem ýalan ýaly. Aýtsam, hiç kim ynanmajak ýaly
Aýtmasam -- armanym içime syganok. Ne aýdyp bilýän, ne aýtman.
Gynanmak gynandym. Onsoñ ýene düýş gördüm,
düýşümde-de şol gaýgy: nädip uçup bolarka diýýän.

Bir görsem, ganatlarym döwük, gara-gana bulaşyp ýatyr.
Bu kimiñ işi diýip, sessiz gygyrdym. Ahy-nalam içime doldy.
Gözlerim ganguýma, saçlarym syh-syh bolup galdy.
Bu ne ahwalat diýip, öz-özüme sorag berim.
Duşman diýlen çenimden ejiz çykdymy?
Dost diýlen ýanymdan çekildimi?
Indi ganatlarymyñ öseri gümanymy?

Eýsem, men indi näme etmeli, Jebran?
Başymy daga-daşa urmalymy? Çöl-beewana çykyp gitmelimi?
Binamysyñ gülküsi bilen gülmelimi?
Ýa-da bolmasa, ganaty gyrlanu-döwlen kän-kän perişdeler ýaly,
perişde pälimden yrak düşüp, şer işlere ulaşyp gitmelimi?

Suw-sölsüz çölde galdym bir gezek.
Ýeke-ýalñyzam däl, özüm ýaly ylaýyk
otuz oglan bilen. Otuzyñ biri bir ýana, beýlekilerem bir ýana.
Şol biriñ egninde goşa ýyldyzy, aýagynda-da otuzyñka
garañda ykjamrak aýakgaby bar,
egin-başam otuzyñka garañda sypaýyrak,
gelşikliräk. Sözi rüstem.

Ylga diýse -- ylgamaly, dur diýse -- durmaly.
Otur diýse -- oturmaly, tur diýse -- turmaly.
Ana onsoñ ilki saga, soñ sola kowdy.
Soldan alyp saga, sagdan alybam sola kowdy.
Ýykylan haýsy, sürşen haýsy, tot-tozan,
epgek-ýalyn, gözler garañkyrap, aýaklar çalşyp,
otuz halys durdy.

Dillener-dä biri ahyry:
-- Bi nämüçin beýdýäñ? Biderek ýere bir eýläk,
bir beýläk kowýañ, köseýäñ?.. -- diýip.
-- Menem şeýtdiler, menem şeýdýän! -- Jogap şu boldy.

Ýeriñ ýüzi ýazykly bendeden doly.
Olar öz öñlerinde-de, özgeleriñ öñünde-de ýazykly.
Ýöne olar öz ýazyklary üçin özlerini däl-de,
owalda-ahyretde özgeleri ýazgarýarlar.
Nämemiş, olar owal beýle däl ekenler;
bir öwpümde göwünleri galypdyr,
bir öwpümde sütem göpüpdirler,
bir öwpümde kitüwdar bolupdyrlar,
şeýde-şeýde perişde pälden derek galmandyr.
Şondan ötri hem olar öz gören
ýamanlyklaryny özgelerden,
onda-da perişde ganaty bekemedik çagalardan
çykarypdyrlar, içlerini sowadypdyrlar...

“Öldürilen üçin onuñ özüniñ ganhor däldigi şandyr» --
bu señ özüñ, Jebran!
Şeýlemikä eýsem? Adamzat hemişe ölmejek bolup
öldürdi dälmi näme? Elini gana bulanyny,
haku-nähak gana galanyny hemişe özüniñ öldüriljek bolnanlygy bilen aklamadymy? Belki, sen mamlasyñ.
Adam kowmunyñ bar ýalñyşy
şundan başlanýandyr, meger.
Munda gana galyp galandan,
gana galman giden müñ
paý gowudyr, belki. Herhal,
adamzat ähliniñ ölmezlik üçin öldürmegi
adat edinenligi çyn. Goý, elini gana bulasyn,
boýa-boý gana çümsün, ýöne özi galsyn,
döwran süpsün. Aýylganç, şeýle dälmi?
Adat-da! Dogry, adam her kysmy
akyl-ýörelgelere gezek gelende
ejiz-biçäre däl. Duran ýerinden esliñ
ýarsyny taslap, goltugyñy garpyzdan-gawundan
doldyr goýbär. Aýdaly, o dünýeli gürrüñ...
Aýdan-diýen bor, bu dünýede pylan etseñ,
o dünýede pylan bor, dowzah azabyny görersiñ we ş. m. ler.
Emma özi aýdanyna ynanýan däldir. Gijesi-gündizi ýok, günä gümradyr...

Öldürmejek bolup öldüm,
ölenimi bilmediler.
Gelip dildiler jigerim,
ýaralarmy duzladylar.

Itermejek bolup gitdim,
goýny garly belentlikden.
Dalaşdylar dagdan itip,
bir-birin gazalap süñk deý.

Öldürmejek bolup öldüm,
öldüpjek bolup öldüler.
Men öldüpmän gaýdyp geldim,
öldürenler gelmediler...

Huw-hak, ynançda, ykrarda şeýle: kast eden
pes bolmaly, gazanyñ özi düşmeli, ýakanyñ
özi bişmeli. Emma şonda-da öldürmejek
bolup ölýänden ölmejek bolup öldüpýän kän.
Gahar ýesirliginden çykyp bilmeýän kän.
Perişde ganatym össün diýseñ, perişde
päline berilmeli. Köñülde-de, köçede-de
ýagşylyk yşgyna ýykylmaly. Ýamanlyga berlen
ýanar, öserin oda berer -- şu meniñ ynanjym.
Men şol ganat üçin öser nemi bolaryn, öser
demi bolaryn, Jebran! Gyrylmadyk ganatlary
berkiderin, taplaryn.
Olar asman zarbyny görerler, asman
zarbyndan zarlamazlar. Päklik ýesirleriniñ
kalbyna perişde ganatlarymy ýaýyp girerin,
gaýdybam çykman -- şu meniñ ynanjym.

Men olary asmana götererin, ýerde gyrmyldap
ýören şeýle-de kän... Bize asmana galmak gerek, Jebran!
Göwünleriñ asmana galkmagy gerek! Päklik bilen
galkmagy gerek! Elbet, päklik käte gama batyrýar,
gussa gaplaýar. Päk bolsañ,
jowur ak köýnek ýaly, ýanaşanu-galtaşan
zadyñ gara tegmili galýar. Gara balak ýaly,
gara ýalpyldy bolup, garalyklary ýüzüñe alman
gidip bolanok...Sen güýzde ähli gam-gussañy
ýygnap, öz bagyñda jaýlapsyñ.

Aprel gelipdir, bahar toprak bilen nikalaşypdyr.
Señ bagyñda hiç kimiñkä meñzemeýän ajaýyp
güller ösüp ýetişipdir. Goñşular gülüñi göpmäge
gelipdirler we... “Ýere tohum sepilende,
öz bagymyzda eker ýaly, şu gülüñ tohumyndan
bize-de ber» diýipdirler. Señ gülzarlygyña men-de
höwesgär, Jebran! Ýere tohum atylanda,
şonda menem señ gülüñden ekeýin, maña-da tohum ber?!.

Çünki,
şowhunyñ ogly däl men,
şagalaña ýaran däl,
meý-meslikden, peslikden
şat günlere daran däl.

Aýdanyma-diýenime
ýylgyrsalar ýalandan,
özüm aşar giderin
ýalan atly alañdan.

Hergiz zynharlap diýjegim:
şowhun etmäñ ýok ýerden!
Ýalan şowhun şatlygyñ
degresinde agydyr:
ýük ýykylyp ýolda galar
maýrylanyñ inerden,
inerden galjak ýalñyz zat --
ýükdüp, owsar bagydyr!

Iner armany meniñ
armanymdyr owaldan.
Meger, şondan aýdymym
agy bolup doguldy
hem ýañ salyp alysa,
sökdi bogun-bogundan.
Agy ahy-zar üçin däl,
alsyn aslyn dogumdan!

“Geldi, saçak başyndan ýer berdim, çörek iýdi,
şerap süzdi, gidende bolsa,
señrigini ýygryp, gülüp gitdi» -- bu señ özüñ, Jebran!
Elbet, soñ ol gülüp giden ýene gelipdir, ýene çörejik
tamşanjak, şerap süzjek. Emma sen ony yzyna
it salyp kowupsyñ. Bu gezek saña perişdeler
gülüpdirler -- bu seniñ paýhasyñdan nur, Jebran!
Belki, bu ahwalat biziñ umumy ahwalymyzdyr?

Biz bir-birege gülki bolmajak bolup, perişdeler
ähline gülküdiris, belki? Bir-biregiñ ýanynda
kiçi bolmajak bolup, barha we barha kiçelip,
ownap barýan bolsak bildikmi? Eýsem,
perişdeler beri gülýärmikä bize?

Biziñ halymyza bizden beter gyýylýan
bolmasyn olar birden? Aglaýan bolmasynlar
birden? Kiçiden ýykylmajak bolup,
uludan ýykylyp ýören adam-a biz aslynda.
Adamzat ahwalaty bi, asylky ahwalat!

Men sözümi diýdim,
Jebran,
beslemedim, bezemedim,
şakur-şukur jäjek dakyp,
beýik häzirki zamanyñ
ýylmanak jäçleri bilen;
şahu-gedañ ganyn soran
şalyklañ täçleri bilen.

Men sözümi bezemedim,
beslemedim aslynda...
Agy bezelýän däldir,
agyr agydyr agy,
ol jäjekler, jäçler däl,
ýa-da ok-naýza däldir,
bagra gezelýän däldir.

Ol agydyr aslynda,
agyr zemin agysy!

Mundan aglap gidip bor, aglap gitmänem bor.
Aýdaly, gülüp gidip bor. Ýöne o gülki ýalan gülküdir.
Adam düneden gidende, jan jesetden aýrylanda, goý,
ol çaganyñ jany, ýaş-juwanyñ jany,
garry-gurtynyñ jany bolsun, bary bir jandyr,
gelşik üçin aglanýan däldir.
Häkibir gitdi diýlip ses edilýän däldir.
Adam ömpüniñ ahyrynda agylygy üçin aglanýandyr.
Biz juda kän sakyrdaýarys, juda kä gülýäris.
Emma biz mydama aýtmaly zady,
aýdasymyzyñ gelýän zadyny aýdyp bilmän ýañraýarys.
Aglamajak bolup gülýäris.

Şol soñky mütdetde, öz ýakynymyzy egne
alanymyzda welin, iç-içimize sygman aglaýarys.
Göýä, bu pursat bize aglamak üçin berlen puryja ýaly...
Adam diýleni bir ýazykly bende owalynda.
Ýazygy ýetik. Azyk haltasyny ýazykdan
dolduryp bogupdyr-da, başynyñ aşagynda goýupdyr.

Eýsem, oña şeýdipdir diýip gargap bolarmy?
Bedroý sen, betbagt sen diýip bolarmy?
Ýassananyñ ýazyk diýip bolarmy?

Elbet, ýazyk iýip adam,
bedroý bolmuş bäş beter.
Ýazykdarlar bir-biregi
islendik gorpa iter.

Barybir men olara
gargap ötüp bilmerin,
sargap ötüp bilmerin
hemem goýup giderin,
kän-kän ärler mysaly,
içi agyr hümmüldili,
agyr zemin agysyn!

Añyrlardan, alyslardan, asyrlardan
gelýän aga ses goşup, kakabaşmy,
bibaşmy, boşmy... diýip öz-özümi owsarlaryn.
Ýürekden gülerin, ýürekden aglaryn.
Ýeke gün, ýeke hepde, ýeke aý, ýeke ýyl
ýaşaryn, ýöne ýürekden ýaşaryn, şeýderin, Jebran!

Gury gidenler kändir,
çakyñ hem çeniñ däldir
Gurudyr munda bilseñ,
hana sygmaz derýalar.
Adam bary ber-başagaý,
gelip-geçip barýalar...

Gury-gurak derýalaryñ
kän-kän güzeri bardyr.
Asly bedew bedewiñ
bedew gezeri bardyr.

ýollar ally-aýlawly,
biliñ üzeri bardyr.
Ölmezden öñ ölenleñ
dirä dözeri bardyr.

Dirilik üçin agy
tüýs perýatdyr, tüýs zardyr.
Dirilik üçin dagy
gerdende çeken -- bardyr!

Agla, adam, agla dirilik üçin,
ýüzüñ gözýaşa ýuw,
günäden ýülün!
Munda bar bolmagyñ ýalñyz ýoly şu,
aldama öz-özüñ
ýalandan gülüp...

Gep mende däl. Meniñ gaharymda,
gaýgymda-da däl. Belki, sende-de däldir, Jebran!
Gep umumy adamzatda, umumy derdi--belalarda!
Adamyñ bikemallygynda, belki-de!?
Aýratyn alnan adamyñ däl, adamzat ähliniñ
bikemallygynda, belki-de? Ýok, men dünýäni
düzederin diýemok. Senem beý diýensiñ öýdemok.
Meger, el bilen düzedilýän zadam ýokdur...

Emma adamzat döräli öz-özünden nadyl,
öz bikemallygyndan nägile. Dogry, oña käte
düneden nägile-de diýýärler, ondan-mundan
kinedar diýip töhmetem atýarlar.

Bular düşünmezligiñ, aamlygyñ nyşanydyr, belki-de...
Mysaly daşdan gözlemäli, sen näme üçin
dünýeden nägile bolmaly, il sen bolup bilenok!
Men näme üçin ondan-mundan kinedar bolmaly:
men onuñ ýagdaýyna-da, munuñ
ýagdaýyna-da añryýany bilen ýetik!

Jowrandym men, Jebran,
jowranmadym, ýok...
Döwdüler, çapdylar,
owranmadym, ýok!

Çünki meniñ ruhum --
başym-aýagym,
aýdymym hem agym,
hasam-taýagym
ozal päk güzerden
almyş yzgaryn,
şoñ üçin meñ
päklik golun çyzganym!

Bazarda öz kellelerini torba salyp barýan
akyldarlary gördüm, olar: “Akyl alan-how!
Akyl satylýar!» diýip gygyrýarlar... Haýp,
akyldar pahyrlar öz hajatlary
üçin gara başlaryny bazara salýarlar...

Şeýdip ýüreklerine giñlik saljak bolýarlar --
sen muña näme üçin geñ galýañ, Jebran?
Bilýän, bazaryñ bazar bolýandygyna,
onda hemme zadyñ akyldan gymmatdygyna,
akyldan geçgeldigine, akyldan
gereklidigine sen menden bäş beter beletsiñ.

Ýöne men başga zada geñ galýan:
biz ikimiz bazara kelledenem beterini --
ýüregimizi alyp çykan ýaly-la? “Ýürek alan-how!
Arzan ýürek! Ýyly ýürek satylýar-la-how!» diýip
gygyrýan ýaly-la? Biz näme üçin beýdýärkäk?
Öz hajatlarymyz üçinmi?

Ýa şol ýumruk ýalyjak ýürege giñlik bermek üçinmi?
Haýsysy üçin, Jebran?!.

Aşgabat, oktýabr, 1991.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024