Ýakyn jennet

Fridrih Nitşäniň eheňinde

Bu bir agyr ýagdaý boldy,
darygmarsyň neneň edip,
ýurduň ýesir, iliň ýesir,
özüň ýesir gaçyp gidip,
goluň baglap aýralyga,
beren ýaly duýýaň özüň,
eger aglap, gowzap bilseň,
gözýaşyň ýok, gury gözüň,
ýöne bary-ýogy iki,
üç ädimmiş jennet mundan,
birinjisi – gowy pikir,
ikinjisi – gowy sözler,
üçünjisi gowy işiň,
kiçi, uly, bolmaz parhy,
kim boldy nä, ýolda duran
bir garyba uzat goluň,
sag bol diýip ýylgyrar ýat,
ýagtylan dek bolar ýoluň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024